Çagalary goramagyň halkara güni senenamada tomsuň ilkinji gününe gabat gelýär. Bu wagt oglan-gyzlaryň iň gowy görýän döwri, çünki şonda mekdep okuwçylary üçin uzak dynç alyş günleri başlanýar we olar öz oýunlarynadyr jigileri bilen oýnamaga, medeni we dynç alyş merkezlerine baryp görmäge has köp wagt sarp edip bilýärler. Şu günler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany» atly sergi açyldy. Sergide goýlan ähli eserler muzeý ammarlarynda saklanýan gymmatlyklardyr. Sergini guranlar ähli döwrüň we halklaryň çagalaryna nämäniň hemra bolýandygy baradaky soraga dykgat etmek bilen, mowzugy has içgin beýan etmäge özboluşly çemeleşipdirler. Elbetde, oýunjaklar! Şonuň üçin sergi biziň eýýamymyzdan öňki III asyrdan galan gymmatlyklar, hususan-da, Parfiýada tapylan artefaktlar bilen başlanýar; şol döwrüň çagalary bir wagtlar bulary oýnamakdan lezzet alypdyrlar. Görkezme tekjesinde toýundan ýasalan sykylykçy guş, dürli tohumdan bolan itler, küýzejikler we ýük daşamak üçin esasy serişde bolan öküz arabasy görkezilipdir.


Gadym taryhy artefaktlaryň ornuny ýuwaş-ýuwaşdan ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen çagalaryň surat sergisi eýeleýär. Ine, bir ýigdekçe çotda hasap öwrenýär. Eger ol häzirki, kalkulýator ýüze çykan döwründe ýaşan bolsady, hiç hili kynçylyk çekmezdi. Ine, oglanlar mekdebe barýarlar. Başga bir suratda gyzlar tans edýärler.


Serginiň merkezinde A. Kupriniň «Meniň ejem» atly suraty goýlan, onda bagtly ene we onuň sagdyn, şadyýan bäbegi şekillendirilipdir. Parahat asman, ene we çaga bagtyň esasydyr. Bu surat adamzadyň iň esasy gymmatlygyny – parahatlygy wagtdyr giňişlikde birleşdirmek bilen, ägirt uly many ýüküni özünde jemleýär.


Häzirki zaman çagalaryna bagyşlanan sergide olaryň el işleri görkezilýär. Olaryň arasynda düwmelerdir monjuklardan ýasalan täsirli, şatlykly suratlar, sapakdan örülen reňkli gül desseleri we erteki gahrymanlary – altyn kekeçli horaz hem arzuwlary ýerine ýetirýän altyn balyjak bar. Iň gyzykly eserleriň biri-de içinde baýguş jüýjeleri bolan agaçdaky köwekdir. Häzirki zaman çagalar edebiýaty tekjeleri-de şu ýerde.


Oýundyr oýunjaklar arkaly görkezilýän bagtly çagalyk 1-nji iýunda ilkinji bolup muzeýe, sergä gelenlerde ýakymly duýgular döretdi. Uly ýaşlylar çagakalar ýoldaş bolan oýunjaklaryny biygtyýar ýatlap, serginiň guramaçylaryna gyzykly tomaşa üçin hoşallyk bildirdiler.


