Ï Türkmenistanyň Ilçisi ÝUNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ilçisi ÝUNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

view-icon 117
Türkmenistanyň Ilçisi ÝUNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 2-nji iýunynda Wenada Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (ÝUNIDO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçisi Hemra Amannazarow bilen ÝUNIDO-nyň Baş direktory Gerd Mülleriň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNIDO-nyň arasynda durnukly senagat ösüşi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we adam mümkinçiliklerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar.

Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, hususan-da “ýaşyl” senagaty ösdürmek, senagat pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam bermek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Ilçisi ýurduň durnukly ykdysady ösüşe we senagat toplumyny halkara ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen syýasata ygrarlydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, senagat ösüşi babatda milli başlangyçlary durmuşa geçirmekde we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde ÝUNIDO tarapyndan berilýän goldawyň ähmiýeti bellenildi.

ÝUNIDO-nyň Baş direktory guramanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de özara gyzyklanma döredýän ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem innowasiýalary, durnukly ösüşi we ykdysady abadançylygy ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri gözlemäge taýýardyklaryny tassykladylar.