Ï Aşgabat dokma toplumy «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergide iň gowularyň biri hökmünde ykrar edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat dokma toplumy «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergide iň gowularyň biri hökmünde ykrar edildi

view-icon 156
Aşgabat dokma toplumy «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergide iň gowularyň biri hökmünde ykrar edildi

Türkmenistanyň paýtagtynda ýeňil senagat we işewürlik hyzmatdaşlygy ulgamyndaky iň ähmiýetli wakalaryň biri bolan «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär. Bu ýerde ýurdumyzyň senagat pudagynyň öňdebaryjy kärhanalary özleriniň iň gowy gazananlaryny görkezýärler, emma gelýänleriň we daşary ýurt wekilleriniň agramly böleginiň aýratyn ünsüni Aşgabat dokma toplumynyň diwarlygy özüne çekdi.

Diwarlygynyň merkezinde döwrebap ugurlar we milli nagyşlaryň sazlaşygyny özünde jemleýän dizaýnerçilik trikotaž önümleri ýerleşdirilipdir. Özboluşly lybaslar toplumynyň nähili döredilendigi hem-de kärhananyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary näme bilen özüne çekýändigi barada Aşgabat dokma toplumynyň baş müdiriniň orunbasary Jennet Hojanazarowa «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Kärhananyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, diwarlygynyň şeýle şowly bolmagy agzybir toparyň bilelikdäki işiniň netijesidir. Kärhanada dizaýnerleriň iň gowy awtorlyk eskizlerini önümçilige girizmek üçin saýlap alýan berk çeperçilik geňeşi hereket edýär.

-Şu möwsümde fabrik görnüşleriň baýlygyna aýratyn üns berdi. Olaryň arasynda nepis gündogar nagyşlaryny öz içine alýan etniki äheňler, uly floristik elementlere, hususan-da, panno görnüşindäki açyk reňkli bägüllere esaslanýan gül şekilli nagyşlar bar. Şeýle nusgalar gyz-gelinleriň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şunuň bilen birlikde, körpeler üçin niýetlenip, açyk reňkli suratlar çekilen çagalar lybaslar toplumyna hem uly üns berildi- diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Suratlaryň ýokary hilli çap edilmegi fabrigiň öňdebaryjy tehniki enjamlary arkaly üpjün edilýär. Önümçilikde görnüşleri köpeltmek üçin 8 – 10 santimetrlik yzygiderli gaýtalanýan ädimli barabanly çap etmek usulyndan başlap, trafaret tehnologiýasyna çenli dürli usullar ulanylýar.

-Biziň toplumymyzyň tehniki binýadyny Ýewropanyň öňdebaryjy enjamlary düzýär. Biz Germaniýanyň we Türkiýäniň ýokary tehnologiýaly stanoklaryny ulanýarys, reňkleýiş bölümimiz bolsa Italiýanyň önümçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Bu bolsa matalaryň reňkiniň durnuklylygyny we ekologiýa taýdan arassalygyny kepillendirýär. Diwarlygyň bezeg konsepsiýasynda bolsa şu ýyl iň döwrebap reňk çözgütleri ulanyldy- diýip, J.Hojanazarowa sözüniň üstüni ýetirdi.

Narynç we goýy mawy reňkler diwarlygynyň esasy öwüşginleri bolup, olar Aşgabat dokma toplumyna sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýratyn tapawutlanmaga mümkinçilik berdi.

Türkmen dokma önümleriniň gözelligine we ýokary hiline ýerli ýaşaýjylar hem-de daşary ýurtly wekiller eýýäm ýokary baha berdiler. Hünärmenler topary kärhananyň diwarlygyny «Turkmentextile Expo – 2026» atly sergisiniň iň gowularynyň biri hökmünde ykrar etdiler.

Sergi asylly däbe görä, daşary ykdysady gatnaşyklary berkitmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Aşgabat dokma toplumynyň önümleri eýýäm köpden bäri içerki bazardan daşarda hem özüni tanatdy we daşary ýurtlarda durnukly islegden peýdalanýar. Kärhana öz önümlerini Russiýa Federasiýasyna, Italiýa we Ispaniýa eksport edýär. Russiýaly sarp edijiler ösgün tüýli önümleri – ýokary hilli süpürgiçleri we öý halatlaryny halan bolsalar, Ýewropa ýurtlaryna premium derejeli düşek daşlary we trikotaž önümleri ugradylýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda J.Hojanazarowa şu gezekki gözden geçirilişiň hem muňa mysal bolup durýandygyny, türkmen pagtasyna we taýýar geýimlerine bolan uly gyzyklanmanyň anyk işewürlik tekliplerine öwrülendigini nygtady. Türkmenistanyň dokma senagatynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe möhüm gepleşikleri we duşuşyklary geçirdiler, bu bolsa pudak üçin täze geljegi uly mümkinçilikleri açýar.