Şu ýyl Daşoguz welaýatynyň şalyçylary Türkmenistany ýokary hilli önüm bilen üpjün etmek işine saldamly goşant goşmagy maksat edinýärler. Mälim bolşy ýaly, welaýatda şalynyň esasy öndürijisi Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapdyr.
Bu etrabyň ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde gymmatly ekin üçin häzirki wagtda 4 müň 300 gektar ýer bölünip berildi. «27 Oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa şaly ekiljek meýdan 3 müň gektara barabardyr. Sebitde «ak däne» önümçiligine hususy düzümler hem barha işjeň gatnaşýar. Hususan-da, «Ykbal açary» hojalyk jemgyýetiniň şaly meýdanlary şu ýyl 800 gektary eýelär. Ýeterlik mukdardaky ýöriteleşdirilen tehnikalaryň bolmagy hem-de ekini ösdürip ýetişdirmek boýunça toplanan tejribe welaýatyň şalyçylaryna her ýyl bol hasyl ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.
Şu ýyl esasy tohumlyk hökmünde köp ýyllardan bäri bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän «Nöküs-2» şaly sorty saýlanyp alyndy. Bu sort ýerli howa we tebigy şertlere örän gowy uýgunlaşandyr. Şeýle hem ol ýokary hasyllylygy, kesellere durnuklylygy we ajaýyp tagam häsiýetleri bilen tapawutlanýar.
Welaýatda şalyçylyk oba hojalyk önümçiliginiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde onuň netijeliligini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Şol sanda ýokary tehnologiýaly şaly arassalaýjy kärhana gurlup, ol ösdürilip ýetişdirilen hasyly göni önümçilik ýerleriniň golaýynda taýýar önüme çenli gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.