Türkmenistanyň ýokary hilli aýakgaplary öndürýän «KWK» kompaniýasy «TurkmenTextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynda öz önümleri bilen tanyşdyrdy.

Hususy kärhananyň wekilleriniň bellemegine görä, kompaniýa erkekler, zenanlar we çagalar üçin elde tikilýän aýakgaplary hem-de dürli görnüşli önümleri öndürýär. Önümlerde piton, krokodil, gäwmiş, düýeguş ýaly ekzotik deri görnüşleri ulanylýar. Önümleriň hatarynda ýeňil köwüşler, nusgawy aýakgaplar, şeýle hem italýan zamşasy we beýleki ýokary hilli önümler bilen utgaşdyrylan görnüşler bar.

– Kompaniýamyz 1996-njy ýyldan bäri işleýär, haryt nyşanymyz bolsa 2017-nji ýylda resmi taýdan hasaba alyndy – diýip, «KWK» kompaniýasynyň wekili Alirahman Kerimow gürrüň berýär – Önümleriň görnüşlerinde ýokary hilli tebigy materiallardan öndürilen aýakgaplar, guşaklar, torbalar, şeýle hem –40 gradusa çenli sowuga çydamly köwüşleriň rezinden edilen aşaklary girýär.

Tebigy deriden taýýarlanylýan her bir jübüt aýakgap gaýtalanmajak tebigy nagyşlara eýedir. Şeýle material örän ýumşak bolup, aýagyň görnüşine tiz uýgunlaşýar we dogry ideg edilende 10–15 ýyldan hem köp hyzmat edip bilýär. Ýokary hil derejeli deri ele alnanda ýakymly bolup, özboluşly ekzotik öwüşgin bilen tapawutlanýar.

Kompaniýa aýratyn sargytlar boýunça önüm öndürmäge ýöriteleşendir. Munuň özi müşderileriň isleglerine laýyklykda özboluşly önümleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, atçylyk sporty üçin niýetlenen aýakgaplara uly isleg bildirilýär.

Önümlere bir ýyl kepillik berilýär. Kepillik hyzmatlaryna himiki arassalama we dikeldiş işleri hem girýär. Häzirki wagtda kärhana Türkmenistanda öz ornuny pugtalandyrýar we geljekde Russiýanyň bazaryna çykmagy meýilleşdirýär.