Ï Türkmenistan bilen Slowakiýa ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Slowakiýa ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

view-icon 145
Türkmenistan bilen Slowakiýa ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasy Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görýärler. Bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisine taýýarlyk işleriniň barşy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda degişli düzümler tarapyndan ikitaraplaýyn topary döretmek we onuň ilkinji mejlisini guramak boýunça zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Garaşylmagyna görä, öňde boljak gepleşiklerde taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça mümkinçilikleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşarlar. Gün tertibine söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky, şeýle hem maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri giriziler. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine gararlar.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri, şol sanda Slowakiýa Respublikasy bilen özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen degişli resminama gol çekdi hem-de wise-premýere ähli taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.