Ï Günbatar sebitde galla oragy gyzgalaňly barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günbatar sebitde galla oragy gyzgalaňly barýar

view-icon 58
Günbatar sebitde galla oragy gyzgalaňly barýar
camera-icon
Andreý Pakulow

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerinde galla oragyny gysga möhletlerde guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary zähmet depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Şeýle-de olar mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly-at myradyň mekany» ýylynda üstümizdäki ýylyň hasyly üçin geçen güýzde ekilen 50 müň gektar bugdaý meýdanyndan 80 müň tonna hasyl ýygnamagy baş maksat edinýärler.

Şu günlerde bolsa welaýatda galla oragy barha gyzyşyp, gowşamaýan depginlerde üstünliklere beslenýär. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, welaýatda şu şanly ýylda-da gallanyň bol we bitginli hasyly kemala getirildi. Welaýatyň oba hojalyk toplumynyň önümçilik düzümleri ýetişdirilen hasyly ýygnap almaklygy möwsümiň ilkinji günlerinden talabalaýyk ýola goýdular. Şeýle derwaýys işlerde daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň kärendeçi daýhanlary, mülkdarlarydyr ýer eýeleri has tagallaly zähmet çekýärler. Şeýle-de Günbatar sebitde şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen üstünlikli berjaý edýän kärendeçi daýhanlaryň, önüm öndürijileriň, ýer eýeleriniň hatary günsaýyn artýar.

Gyzgalaňly dowam edýän jogapkärli möwsümde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da ýokary işjeňlik görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alan täze, ýokary öndürijilikli däne orujy kombaýnlaryna ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlar hem tutuş gije-gündiziň dowamynda birnäçe çalşykda işläp, möwsümiň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gazanýarlar. Welaýatda ýokary öndürijilikli, kuwwatly däne orujy kombaýnlaryň, beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň, ulaglaryň saz hem-de bökdençsiz işlemekleri ugrunda-da ähli zerur tagallalar edilýär. Munuň üçin düzüminde tejribeli hünärmenler, bejeriji ussalar, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 16-sy hereket edýär. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleri, ätiýaçlyk şaýlary bilen birkemsiz üpjün edilen bu göçme toparlar häli-şindi ýerlerde bolup, işleriň çalt hem sazlaşykly bolmagyny üpjün edýärler.

Kuwwatly kombaýnlaryň bunkerlerinden agdarylýan guşgursak dänäni «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat, Bereket etrap galla kabul ediş kärhanalaryna ýitgisiz daşamakda-da degişli awtoulaglaryň dynuwsyz hereketleri ýola goýulýar. Şonuň ýaly-da zähmetsöýer kombaýnçylaryň, awtoulag sürüjileriniň arasynda bäsleşikler guralyp, öňdebaryjylar welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan höweslendirilip durulýar.