Ï Asyrlaryň jümmüşine uzaýan bagşyçylyk däpleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Asyrlaryň jümmüşine uzaýan bagşyçylyk däpleri

view-icon 164
Asyrlaryň jümmüşine uzaýan bagşyçylyk däpleri
Asyrlaryň jümmüşine uzaýan bagşyçylyk däpleri
Asyrlaryň jümmüşine uzaýan bagşyçylyk däpleri
Asyrlaryň jümmüşine uzaýan bagşyçylyk däpleri

Türkmenistanyň şu güni durmuşyň täze öwüşginlerini özünde jemlemek bilen birlikde, halkymyzyň baý we hakykatdan-da bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasyny aýawly saklamagy bilen tapawutlanýar.

Türkmenler üçin saz bu halkyň durmuşynyň owazlarda beýan edilmegi, bagt bilen hasradyň, şatlyk bilen gaýgynyň, ynsan kalbynyň gözelliginiň we duýgularynyň hakykatçyl hem joşgunly hekaýasydyr. Saz adamyň kalbyndaky ýaralary bejerýär, göwnüni köşeşdirýär, oňa ýaşaýyş güýjüni we kuwwatyny berýär. Milli sungat barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda dutar we gyjak sazlary ýatlanylýar.

Çuň gadymyýetden gözbaş alýan halk saz döredijiligi hünäri sazandalaryň sungatynyň döremegine we ösmegine giň ýol açdy. Bu sungat diňleýjileriň uly söýgüsine mynasyp bolup, türkmen halkynyň saz mirasynda aýratyn orun eýeleýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz özboluşly öwüşgine eýe bolan ajaýyp saz eserlerini döretdi. Ähli döwürlerde halk sazandalarynyň – bagşylaryň aýdym aýtmak we milli saz gurallarynda saz çalmak sungatyna uly hormat goýuldy.

Bu baý saz medeniýeti nesilden-nesle geçirilipdir. Bagşylar türkmen saz folkloryny ýygnap saklaýjylary bolupdyrlar. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen däp bolan saz ýygyndysy bolsa biziň mirasymyzyň hakyky dür däneleridir. Haýsy bagşynyň geljekdigi öňünden mälim edilip, onuň garşylanmagyna ykjam taýýarlyk görülipdir: söhbetdeşlik üçin soraglar taýýarlanypdyr, dabaranyň geçiriljek ýeri saýlanypdyr. Meýdanda haly düşelip, uly ot ýakylypdyr. Oduň birnäçe ädim aňyrsynda desterhan ýazylýar, onuň üstünde dürli-dümen süýjülikler we tagamlar goýulýar. Bagşylary diňlemek üçin köp adam ýygnanyşypdyr. Olaryň aýdymlary adatça gün ýaşanda başlap, gün dogýança dowam edipdir.

Mazmuny we görnüşi taýdan kämil bolan bagşyçylyk (aýdymçy we dessançy) hem-de sazandaçylyk sungaty (halk saz gurallary çalmak) ýerine ýetirijiden ýokary ussatlygy talap edýär. Bagşy ýa-da sazanda diýlip atlandyrylmak hukugyny gazanmak üçin halypanyň ýanynda tälim almak zerurdy.

Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Türkmenistanyň milli medeniýetinde hünäri saz sungatynyň esaslary ýaňy goýulyp başlapdy. Halk sungatynyň ýaşuly wekilleriniň arasynda Şükür bagşy, şeýle hem meşhur Kel bagşynyň şägirdi Sary bagşy Pürli ogly, halk dessanlarynyň we lirik-epiki eserleriň baý repertuaryna eýe bolan Täçmämmet Suhangulyýew, öz halypalary Sary bagşy bilen Kel bagşynyň sungatyny dowam etdiren Mylly Täçmyradow, zehinli aýdymçy, dutarçy, kompozitor hem-de köp sanly nusgawy we döwrebap aýdymlaryň ýerine ýetirijisi Sahy Jepbarow ýaly sungat ussatlaryny aýratyn bellemek gerek.

Bagşyçylyk sungatynyň kemala gelmeginde we ösmeginde Sary bagşynyň maşgala mekdebiniň uly hyzmaty bardyr. Sary bagşy 1871-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda sazandanyň maşgalasynda dünýä inýär. Halk sazyna bolan söýgi nesilden-nesle geçipdir. Onuň ilkinji saz guraly dutar bolupdyr. Kiçi ýaşyndan bagşylaryň ýanynda saz çalyp, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwrenipdir. Ol bary-ýogy 11 ýaşyndaka baýramçylyk dabaralarynyň hormatly myhmanyna öwrülýär we onuň ussatlygy baradaky habar giňden ýaýraýar.

Sary bagşy Molla Guwanç, Täçmämmet Suhangulyýew, Kel bagşy, Muhat ussa, Hally bagşy ýaly meşhur sazandalar bilen işleşýär. 1925 –1930-njy ýyllarda saz etnografy we kompozitor W.A.Uspenskiý Türkmenistanyň dürli künjeklerine üç sany saz-etnografik ekspedisiýa geçirýär. Ol 1924-nji ýylyň ahyrynda respublikanyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistana çagyrylýar. Emma onuň türkmen saz sungaty we halk sazandalary bilen tanyşlygy has öň başlanýar.

1921-nji ýylda Daşkentde tutuş sebitiň sazandalarynyň gatnaşmagynda konsertler guralýar. W.A.Uspenskiý alym W.M.Belýaýew bilen bilelikde 1928-nji ýylda Moskwada neşir edilen «Türkmen sazy» atly ylmy eseri taýýarlaýar. W.M.Belýaýewiň bellemegine görä, bu konsertler «milli saz we sungat boýunça giň gerimli ilkinji olimpiadalaryň biri» bolupdyr. Oňa gatnaşmak üçin meşhur türkmen sazandalary, şol sanda belli Sary bagşy hem çagyrylypdyr. Onuň repertuarynyň bir bölegi «Türkmen sazynyň» ikinji tomuna girizilipdir.

1927-nji ýylda W.A.Uspenskiý Sary bagşynyň öýünde myhman bolup, onuň sazlaryny we aýdymlaryny nota geçirýär. Ol öz ýatlamalarynda şeýle ýazýar: «… türkmen sazy ýokary derejede kämilleşen sungatdyr, onuň hakyky gymmatlygy hem şundadyr». Alymyň pikirine görä: «Halypasyndan pata alan ýa-da öz zehini bilen bagşy derejesine ýeten ýaş sazanda professional bolup ýetişýär. Käbirleri bolsa diňe saz bilen meşgullanýar (N.N.Ýomudskiniň aýtmagyna görä, owaza, dutara we ajaýyp gara ata eýe bolan meşhur Sary bagşy ýaly)».

Saz öwreniji-etnograf alym bilen tanyşlyk Sary bagşynyň maşgalasy bilen Aşgabada göçmegine sebäp bolýar. Ol täze döredilen Türkmen döwlet sazçylyk tehnikumynda işläp başlaýar. Şol ýerde onuň ogullary Oraz Saryýew (gyjak) we Nury Saryýew (gyjak) hem bilim alýarlar.

Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýew uzak ýyllar Türkmen döwlet filarmoniýasynda we radiokomitetde zähmet çekdi. Oraz Saryýew Türkmenistanyň at gazanan artisti bolup, Döwlet tele we radio komitetiniň halk saz gurallary toparynda sazanda bolup işledi. Nury Saryýew bolsa Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň talyby wagty Beýik Watançylyk urşunyň ilkinji günlerinde meýletin fronta gidýär. Ol 8-nji Krasnopresnensk diwiziýasynyň düzüminde gulluk edip, 1941-nji ýylyň oktýabr aýynda Smolensk töwereklerinde gahrymanlarça wepat bolýar. Agtygy Seýitmuhammet Saryýew bolsa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri bolup, bütin döredijilik ömrüni telewideniýe we radio bagyşlaýar.

Sary bagşynyň ýaşan döwründe onuň aýdymlaryny ýazga geçirmek mümkin bolmandyr. Diňe 1935-nji ýylda Moskwada türkmen bagşylarynyň we sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdymlary hem sazlary ýazga alynýar. Şeýle-de bolsa, onuň sazy, aýdymlary we zehini ýitip gitmedi. Olar onuň çagalaryna, agtyklaryna, soňra bolsa olaryň şägirtlerine miras bolup geçdi.