Ï Ýeralmanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeralmanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi

view-icon 66
Ýeralmanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi

Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde öz topragymyzda kemala getirilýän, ekologik taýdan arassa azyk önümleriniň bol hasylyny almak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sebitde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagy özüniň buýsandyryjy netijelerini hem berýär. Oňa welaýatyň gök ekerançylarynyň 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 1400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekip, ondan 19 müň 600 tonnadan gowrak hasyl alyp, bu baradaky şertnamalaýyn meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirmekleri aýdyň mysaldyr.

Sebitde şu oba hojalyk ýylynda ýazlyk ýeralma ekilen etraplaryň ählisinde hem möwsüme ykjam taýýarlykly gelinmegi, ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy, ekişiň öz wagtynda, kada laýyklykda geçirilmegi, suwarmak, hatarara bejergilerini geçirmek, zerur bolan organiki hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleriniň yzygiderli alnyp barylmagy daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen utgaşyp, şeýle üstünligiň gazanylmagyny üpjün etdi. Lebaply gök ekerançylaryň her gektaryň hasyllylygyny 140 sentnere ýetirendiklerini belläp geçmek hem buýsançlydyr.

Welaýatda ýeralma ekilen etraplaryň ählisiniň hem döwlete ýazlyk ýeralma tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny amal edendiklerini-de aýdyp geçmek ýakymlydyr. Gündogar sebitde ýylyň ýylyna bu ekiniň bol hasylynyň alynmagyna uly goşant goşýan Çärjew etrabynda ýazky möwsümde 380 gektar ýerden 5 müň 320 tonnadan, Dänew etrabynda 300 gektar meýdandan 4 müň 200 tonnadan, Saýat we Kerki etraplarynda hem degişlilikde ýeralma ekilen 200 we 150 gektar ýerden 2 müň 800 we 2 müň 100 tonnadan gowrak ýokary hilli hasyl alnyp, ýokary netijeler gazanyldy.

Lebap welaýatynyň gök ekerançylary azyklyk ekinleriň beýleki görnüşlerinden hem bol hasyl almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler lebaply daýhanlaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna mynasyp zähmet sowgatlarydyr.