Ï Balkan topragynda ýeralmanyň bereketli hasyly ýygnalýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan topragynda ýeralmanyň bereketli hasyly ýygnalýar

view-icon 48
Balkan topragynda ýeralmanyň bereketli hasyly ýygnalýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Balkan welaýatynyň zähmetsöýer kärendeçi daýhanlary, mülkdarlary hem-de ähli ýer eýeleri mukaddes topragymyzdan ýylyň-ýylyna bol we ýokary hilli hasyl alyp, guwandyryjy önümçilik görkezijilerini gazanýarlar. Şeýle-de daýhanlar ilatymyzy tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply önümler bilen ýyllarboýy ygtybarly üpjün edip durýarlar.

Welaýatyň Bereket etrabynyň daýhanlary hem mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýazlyk ýeralmanyň jemi 5 müň 320 tonnasyny ýygnap almaklygy maksat edinýärler. Ýerli toprak-howa şertlerinde köp hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan, kesellere garşy durnukly görnüşlerinde bu etrapda 380 gektar meýdanda kemala getirlen hasylam daýhanlaryň azaplarynyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Möwsümleýin işleriň ählisi gadymdan gelýän ekerançylyk ýörelgeleri hem-de häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyrylyp, ylmy esaslarda ýola goýulýar.

Häzirki wagtda etrapda esasy azyklyk önümleriň biri hasaplanýan ýeralmanyň bitginli hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Şeýle jogapkärli işlerde ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylyp, ynsan saglygy üçin ähmiýetli, ýokumly bolan ýeralma hasyly isripsiz ýygnalýar. Belent maksatlara eýe bolýan guramaçylykly işler hem şowly netijelerini berýär. Etrapda ýygym möwsüminiň üstünliklere beslenmegine S.A.Nyýazow adyndaky we «Isgender» daýhan birleşikleriniň, «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygynyň tejribeli daýhanlary has saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, Bereket etrabynyň ussat oba hojalykçylary hasyldan boşan ýerlerde dessine sürüm işlerine girişip, geljek möwsümdäki güýzlük ýeralmanyň ekişine jogapkärli taýýarlyklar görýärler. Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, tutuş oba hojalyk toplumyny ösdürmekde döwlet derejesinde berilýän hemaýat-goldawlaram gazanylýan ýokary üstünlikleriň mäkäm binýady bolup durýar.