Ï Ýollar – doganlyk gatnaşyklarynyň dowamaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýollar – doganlyk gatnaşyklarynyň dowamaty

view-icon 126
Ýollar – doganlyk gatnaşyklarynyň dowamaty

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümini, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny gysga wagtda kemala getirmek maksady bilen tutumly işler amala aşyryldy.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça alnyp barylýan anyk we netijeli çäreler diňe bir berkarar Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň däl, eýsem, tutuş sebitiň ykdysady, medeni-durmuş ugurlarynyň oňyn ösüşine itergi berýär. Geografik taýdan amatly ýerleşýän, sebitde we yklymda möhüm üstaşyr-ulag geçiriji merkez hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan Türkmenistan bu ulgamda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine ugrukdyrmaga çalyşýar.

Ýurdumyzda hereket edýän awtomobil ýollary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýurt we halkara möçberinde ähmiýetli täze demir ýol ulgamlary gurulýar hem-de deňiz flotunyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iri taslamalar amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistany diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş Ýewraziýa yklymynda üstaşyr ulag geçiriji döwlet hökmünde halkara möçberinde orta çykarýar. Türkmenistanda ulag infrastrukturasynyň yzygiderli ösdürilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna, halkara derejesinde abraý-mertebesiniň ýokarlanmagyna, goňşy döwletler bilen özara bähbitli ykdysady, söwda we medeni hyzmatdaşlygy has-da artdyrmaklyga, şonuň bilen birlikde hem sebitde durnukly parahatçylygy üpjün etmeklige ýardam edýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat böleginiň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen bu möhüm strategik ähmiýetli häzirkizaman ýol-ulag taslamasynyň dolulygyna ulanylyşa berilmegi ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli taryhy waka boldy. Bu möhüm täze desga logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr-ulag düzümlerini giňeltmäge we daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga, ýardam edýär, ýolagçy gatnawy üçin örän amatly şertler döredýär, şeýle hem ýurdumyzyň çäginden geçýän ýükleriň möçberiniň ep-esli artmagyny üpjün edýär. Şonuň bilen birlikde, bu döwrebap ýol goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin hem has oňaýly şertlere eýedir.

Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ulag infrastrukturasynda aýratyn orna eýe bolan Amyderýanyň üstünden gurlan awtomobil we demir ýol köprüleri barada aýratyn durup geçmek möhümdir. 2009-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda ägirt uly inženerçilik çözgütleri, desgalary talap edýän Kerki – Kerkiçi demir ýol köprüsi gurlup, dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylyşa girizildi. Taryhy we ägirt uly ykdysady ähmiýetli bu köpriniň ulanylmaga berilmegi ýükleri daşamagyň bahasynyň 3-5 esse kemelmegini üpjün etdi. Amyderýanyň sag kenarynda uly senagat taslamalarynyň amala aşyrylýandygyny belläp geçmek möhümdir. Derýanyň sag kenarynda bar bolan ägirt uly baýlyklary döwletimiziň, halkymyzyň bähbidine peýdalanmak babatda bu köprä möhüm orun degişlidir. Bu möhüm taslamanyň yzysüre 2013-nji ýylyň 14-nji fewralynda Amyderýanyň üstünden gurlan Kerki – Kerkiçi awtomobil köprüsi hem ulanylmaga berildi. Bu köpriniň hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmekligi üçin täze strategiki ulag geçirijä öwrülendigini, derýanyň sag we çep kenarynda ýaşaýan ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda aýratyn orna eýe bolandygyny belläp geçmek bolar.

Diňe bir biziň döwletimiz däl, eýsem, sebit derejesinde hem juda möhüm ähmiýete eýe bolan, 1901-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berlen öňki demir ýol köprüsiniň gurluşygynyň käbir serişdeleriniň könelip başlandygy sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýyldaky Karary bilen Türkmenabat – Farap demir ýol we awtomobil köprülerini gurmak barada çözgüt kabul edildi. Agyr ýükleri göteriji demir ýol ulaglary üçin niýetlenen, ägirt uly inženerçilik çözgütlerini talap edýän bu köpri ýokary hil derejesinde gurulýar. Uzynlygy bir müň 750 metre barabar bolan demir ýol köprüsi 2017-nji ýylyň mart aýynyň 7-sinde resmi taýdan dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Ykdysady we durmuş taýdan zerurlygy göz öňünde tutulyp, täze demir ýol köprüsiniň ýakynynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat – Farap awtomobil köprüsiniň gurluşygyna girişildi we bellenilen möhletinde ulanylyşa girizildi. Bu döwrebap desganyň 4 hatarly ýol bölegi bolup, onuň ini 21,5 metre deňdir. Awtoulaglaryň hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen köprä barýan ugurlarda uzynlygy 6 kilometre deň bolan eňňit sowma ýollar gurlupdyr. Köpriniň iki tarapynda ini 1,5 metr bolan pyýada ýodalaryň bardygyny-da belläp geçmek bolar.

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly, Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler diňe bir Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň mundan bu ýana hem artmagyna däl-de, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýeti, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, doganlyk gatnaşyklar üçin hem ägirt uly ähmiýete eýedir. Ynsanperwer. parahatsöýüjilikli dost-doganlyk ýörelgeler bolsa, Garaşsyz, hemişelik Diýarymyzyň daşary syýasatynyň özenidir. Köprüler ýollary, ýollar bolsa illeri birleşdirýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň MIlli Lideriniň parasatly, öňdengörüjilikli ýörelgeleri we hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary netijesinde berkarar Diýarymyzyň ulag-ýol infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, bu ugurda ata Watanymyzyň we bagtyýar halkymyzyň çuňňur bähbidinden ugur alynmagy döwletli işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň buýsandyryjy subutnamalarydyr.