Ï Türkmenistanda göreji pes bolan çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda göreji pes bolan çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

view-icon 110
Türkmenistanda göreji pes bolan çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň esaslary» atly okuw kitaby ilkinji gezek neşir edildi.

Okuw kitabyny taýýarlamakda ýurdumyzyň ugurdaş hünärmenlerinden we mugallymlaryndan ybarat awtorlar topary, ýagny L.Ruliýewa, J.Annamyradowa, O.Mämmetgulyýewa, H.Baýramowa, W.Çernikowa we S.Wolkowa dagy bilelikde işlediler. Şeýle hem bu möhüm we jogapkärli işe Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň kör we çala görýän çagalar bölümleriniň tejribeli mugallymlary işjeň gatnaşdylar.

Mundan başga-da, okuw gollanmasyny taýýarlamagyň çäklerinde adaptasiýalaşdyrylan pedagogika ugrunyň hünärmenleri, dizaýnerler hem-de maglumat elýeterliligini üpjün etmek boýunça bilermenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Okuw kitaby çagalaryň görüş-kabul ediş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp düzülen. Onda iri şriftleriň, ýokary kontrastly bezegleriň, ýörite duýujy elementleriň hem-de uýgunlaşdyrylan şekilleriň ulanylmagy okuwçylaryň okamak, ýazmak we sanamak ukyplaryny netijeli özleşdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Göreji pes bolan birinji synp okuwçylary üçin niýetlenen täze okuw kitaby ýaş nesle döwrebap bilim bermek, her bir çaganyň hemmetaraplaýyn ösmegi we mynasyp kemala gelmegi üçin şertleri döretmek, şeýle hem ähli çagalara deň hukuklary we mümkinçilikleri bermek boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerine laýyklykda taýýarlanyldy.