Ï Türkmenistanyň we Finlýandiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Finlýandiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 75
Türkmenistanyň we Finlýandiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti özara düşünişme barada Finlýandiýanyň HAUS Döwlet dolandyryş instituty hem-de Laurea Amaly ylymlar uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşdy. Dabaraly gol çekişlik sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Täze resminama ýokary bilim, ylmy-barlag işleri, sanly bilim tehnologiýalary, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary hem-de mugallymlaryň we talyplaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ähtnama gol çekilmegi bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, halkara tejribäni alyşmak we innowasion başlangyçlary goldamak üçin täze mümkinçilikleri açar.

Bu waka halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmäge türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli ylym-bilim gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge, şeýle-de ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge goşulan möhüm goşant bolup durýar.