Ï Türkmenistan Liwerpulda geçirilen «CDIO 2026» halkara maslahatynda wekilçilik etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Liwerpulda geçirilen «CDIO 2026» halkara maslahatynda wekilçilik etdi

view-icon 72
Türkmenistan Liwerpulda geçirilen «CDIO 2026» halkara maslahatynda wekilçilik etdi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň Liwerpul uniwersitetinde 22 – 25-nji iýun aralygynda geçen «CDIO 2026» atly XXII halkara maslahatyna gatnaşdy.

Wekiliýetiň düzümine türkmen ýokary okuw mekdebiniň Kiberfizika ulgamlary kafedrasynyň uly mugallymy Yslam Orazow hem-de «Oguz han» Ylmy-tehnologiýa merkeziniň direktory Ahal Akgaýew dagy girdi.

Şu ýyl iri halkara forum dünýäniň 27 ýurdunyň 71 uniwersitetinden wekilleriň 157-sini bir ýere jemledi. Olaryň hatarynda mugallymlar, barlagçylar, alymlar, hünärmenler, talyplar bolup, gatnaşyjylaryň duşuşygy inženerçilik bilimi, okatmagyň innowasion usullary, ylmy barlaglar hem-de ýokary hünär derejeli inžener işgärleri taýýarlamak ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga gönükdirilendir.

«CDIO» (Conceive – Design – Implement – Operate) başlangyjy inženerçilik biliminiň innowasion ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň halkara meýdançasydyr. Onuň esasy maksady toplumlaýyn işler – anyk ulgamlary, taslamalary we önümleri «meýilleşdirmek, taslamalaşdyrmak, ornaşdyrmak we ulanmaga bermek» arkaly talyplaryň amaly inženerçilik başarnyklaryny kemala getirmekde jemlenýär. Başlangyç dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerini birleşdirýär.

«CDIO»-nyň çäklerinde onuň hyzmatdaşlarynyň gatnaşmaklaryndaky maslahat inženerçilik bilimi, okatmagyň döwrebap çemeleşmeleri hem-de halkara akademiki dialogyň ösdürilmegi babatda iň oňat dünýä tejribesini wagyz etmek üçin ähli çäre bolup durýar.

«CDIO 2026» atly halkara maslahatynyň esasy temasy – «Talyplaryň hünär taýdan ösüşini kämilleşdirmek: baha bermekde we ikitaraplaýyn aragatnaşykda innowasiýalar». Şundan ugur alnyp, forumyň çäklerinde maslahatlaşylýan meseleler inženerçilik bilimi ulgamynda talyplaryň hünär başarnyklaryny ösdürmäge, bilimlere baha bermegiň häzirki zaman usullaryny özleşdirmäge hem-de ikitaraplaýyn aragatnaşyk ulgamlarynyň netijeliligini artdyrmaga bagyşlandy.

Halkara forumyň çäklerinde dürli ýurtlaryň wekilleri bilelikde inženerçilik bilimini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary, okatmagyň taslama ugurly usullaryny we birnäçe beýleki innowasion bilim çözgütlerini ornaşdyrmak boýunça ileri tutulýan wezipelere garadylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri çykyş edip, uniwersitetiň ylmy işleri, kiberfizika ulgamlary, häzirki zaman tehnologiýalary ulgamynda alyp barýan barlaglary, şeýle hem inženerçilik biliminiň ösüş tejribesi bilen tanyşdyrdylar. Mundan başga-da, olar «CDIO»-nyň giň akademiki torunyň wekilleri bilen bilelikde toparlaýyn mejlisleriň işine işjeň gatnaşýarlar.

Türkmen wekiliýetiniň bu halkara maslahata gatnaşmagy uniwersitetiň bilim maksatnamalaryny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmek, taslama düzmek häsiýetli okuwlary ösdürmek hem-de halkara akademiki özara hereketleri giňeltmek ugrunda möhüm ädimdir.

2023-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup «CDIO» guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edilendigini bellemek gerek. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde uniwersitet «CDIO»-nyň dürli halkara ylmy-amaly we bilim çärelerine işjeň gatnaşyp, inženerçilik bilimine innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak boýunça netijeli işlerini üstünlikli dowam edýär.