Ï Türkmen wekiliýeti Bolgariýada «Erasmus+» maksatnamanyň çäklerinde halkara çärelere gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Bolgariýada «Erasmus+» maksatnamanyň çäklerinde halkara çärelere gatnaşýar

view-icon 97
Türkmen wekiliýeti Bolgariýada «Erasmus+» maksatnamanyň çäklerinde halkara çärelere gatnaşýar

20 – 30-njy iýun aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Angela Kynçewa adyndaky Rusen uniwersitetinde «Erasmus+» maksatnamanyň çäklerinde okatmagyň netijeli usullaryny, innowasion pedagogik tejribeleri ösdürmäge, ýokary okuw mekdepleriň professorlarynyň we mugallymlarynyň arasynda tejribe alyşmaga hem-de ylmy hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen halkara çäreler geçirilýär.

Bu çärelere dünýäniň 10 ýurdundan, şol sanda Albaniýanyň, Alžiriň, Müsüriň, Fransiýanyň, Iordaniýanyň, Çernogoriýanyň, Marokkonyň, Tunisiň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň 13-siniň wekilleri gatnaşýarlar.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary Gadam Akmyradow, Aýna Nurmyradowa we Oguljan Akmyradowa Türkmenistana wekilçilik edýärler.

Çäreleriň başynda oňa gatnaşyjylar bilim, ylym, innowasiýalar ulgamynda öz ýokary okuw mekdepleriniň gazanan üstünliklerine, halkara hyzmatdaşlygyň tejribesine, şeýle hem häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalara bagyşlanylan tanyşdyrmalary görkezdiler.

Duşuşyklaryň dowamynda bilim bermek işine sanly tehnologiýalary, okatmagyň garyşyk we sanly nusgalaryny, interaktiw usullaryny ornaşdyrmak, bilimde emeli aňyň mümkinçiliklerini ulanmak, ýokary okuw mekdepleriň ylmy-barlag işleriniň we halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra dürli ýurtlaryň alymlaryny, ylmy barlagçylaryny we mugallymlaryny kompýuter ulgamlary we «CompSysTech'26» tehnologiýalary boýunça halkara ylmy maslahat bir ýere jemledi. Forumda emeli aň, maglumat ulgamlary, programma üpjünçiligi, sanly özgertmeler, kiberhowpsuzlyk, bulut tehnologiýalary hem-de maglumat-kommunikasion ulgamlar babatda ylmy-barlaglaryň netijelerine giňişleýin seljerme berildi.

Türkmen energetika ýokary okuw mekdebiniň wekilleri maslahatyň işine işjeň gatnaşdylar. Olar ýokary bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, innowasion mugallymçylyk çemeleşmelerini peýdalanmak, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak we häzirki zaman bilim gurşawyny döretmek babatda tejribelerini paýlaşdylar.

Mundan başga-da, türkmen wekilleri daşary ýurt alymlary bilen bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmagyň geljekki mümkinçiliklerini hem-de akademiki elýeterlilik maksatnamalarynyň giňeldilmegini maslahatlaşdylar.

«Erasmus+» maksatnamanyň çäklerindäki çärelere gatnaşmak däp boýunça mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy ylym-bilim tejribelerini öwrenmäge we bilime innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Bu iş sapar Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmaga hem-de milli bilim ulgamynyň halkara derejesinde abraýyny artdyrmaga mynasyp goşant goşar.