Ï Türkmenistanly talyplar Russiýada hünär tejribeligini geçýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly talyplar Russiýada hünär tejribeligini geçýärler

view-icon 315
Türkmenistanly talyplar Russiýada hünär tejribeligini geçýärler

29-njy iýundan 5-nji iýul aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplar topary Moskwada rus dili boýunça işjeň sözleýiş tejribeligini geçýärler.

Iki tapgyrdan ybarat bäsleşikli saýlawdan üstünlikli geçen rus dili we edebiýaty fakultetiniň 18 talyby bu hünär tejribeliginiň gatnaşyjylary boldy. Wekiliýetiň düzümini jemlemekde filologiýa dersler boýunça toplumlaýyn synaglaryň netijeleri, rus dili derejesi, dili öwrenmäge bolan höwes, okuwdaky üstünlikler we jemgyýetçilik işjeňligi göz öňünde tutuldy.

Bu tejribeligiň sapary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyryldy.

Sözleýiş tejribeliginiň maksatnamasy «Beýik dili öwrenýärin!» atly bilim taslamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň we «Meniň taryhym» atly ynsanperwer taslamalar gaznasynyň goldaw bermeginde Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan taýýarlanyldy.

Tejribelik 72 akademiki sagatlyk ýörite işlenip taýýarlanan maksatnama esasynda geçirilýär.

Hünär tejribeliginiň dowamynda talyplar häzirki zaman rus dili, rus edebiýaty, sözleýiş medeniýeti, rus sözüniň taryhy, edebi ülkäni öwreniş hem-de rus diliniň dünýäni dil arkaly beýan ediş aýratynlyklaryna bagyşlanan umumy we amaly sapaklara gatnaşarlar. Sapaklary Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rus we tatar filologiýasy kafedrasynyň mugallymlary, filologiýa ylymlarynyň kandidatlary Konstantin Kalinin hem-de Galina Frolowa alyp bararlar.

Maksatnamanyň möhüm bölegini medeni-düşündiriş topary düzýär. Gatnaşyjylar üçin Moskwanyň taryhy merkezi boýunça gezelençler, M.A.Bulgakow adyndaky döwlet muzeýi, «Russiýa – meniň taryhym» atly taryhy seýilgähi, şeýle hem teatr sungaty bilen tanyşmak göz öňünde tutulandyr.

Tejribeligiň şu görnüşde geçirilmegi akademiki taýýarlygy dil we medeni gurşawy utgaşdyrmaga mümkinçilik berip, talyplaryň aragatnaşyk başarnyklarynyň ösmegine ýardam berýär.

Okuwyň tamamlanmagy bilen gatnaşyjylar jemleýji attestasiýadan geçerler, bilim maksatnamasynyň netijelerine bagyşlanan tegelek stola gatnaşarlar, soňra bolsa olara bellenen nusgadaky sertifikatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Türkmen talyplarynyň bilim maksatnamasyna gatnaşmagy talyplaryň dil taýýarlygyny kämilleşdirmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge, häzirki zaman bilim çemeleşmelerini ornaşdyrmaga, geljekki hünärmenleriň hünär taýdan ösmegi üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge we dil biliminiň hilini häzirki zaman halkara talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmaga uly ýardam berer.