«Times Higher Education (THE)» britan guramasynyň garaşsyz halkara bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-si «THE Sustainability Impact Ratings 2026» ählumumy reýtinginiň sekizinji neşirine girdiler.
Şu ýyl reýting «THE Sustainability Impact Ratings» diýen täze at bilen tanyşdyryldy, ozal reýting «THE Impact Rankings» ady bilen neşir edilýärdi. Reýting 2019-njy ýyldan bäri alnyp barylýar we netijeliligiň abraýly ählumumy tertipnamasy bolup, onda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilen hem-de dünýäniň ýurtlarynyň durmuş we ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) 17-sini gazanmak babatda baha berilýär.
«THE Sustainability Impact Ratings 2026»-nyň setirlerinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýerleşdi.
Türkmen ýokary okuw mekdepleri bu abraýly reýtinge her ýyl we üstünlikli gatnaşyp, bilim, ylym, innowasiýa we halkara işleriniň ýokary derejesini tassyklaýarlar.
Baha bermeleriň netijeleri boýunça 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri öz orunlaryny gowulandyryp, BMG-niň DÖM-iň dokuzysyny gazanmakda uly işjeňlik görkezdiler. DÖM-iň şol maksatlarynyň hatarynda «Bilimiň hili», «Elýeter we arassa energiýa», «Senagat, innowasiýalar we infrastruktura», «Saglyk we abadançylyk», «Arassa suw we sanitariýa», «Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk» we beýlekiler bar.
2026-njy ýylyň dünýä reýtingine BMG-niň DÖM-ne ýetmekde gazanan ösüşleriniň esasynda dünýäniň 116 ýurdundan uniwersitetleriň 1646-sy hödürlenildi.
Täsir etmegiň ählumumy reýtingi dünýä derejesinde durnukly ösüşe ýardam bermekde üstünlik görkezýän uniwersitetleri kesgitleýär. DÖM-iň dürli ugurlarynda üstünlik gazanyp, uniwersitetler ykdysady durnuklylyk, durmuş köpugurlylygy, ykdysady ösüş hem-de DÖM-e ýetmekde netijeli hyzmatdaşlyk bilen birlikde, dünýä derejesindäki wezipeleri çözmäge ygrarlydyklaryny görkezýärler.
Reýtingiň usulyýeti ýokary okuw mekdepleriň umumy netijeliligini we täsirini beýan etmek üçin DÖM-iň birnäçesi boýunça utuklary birleşdirýär. Her ýokary okuw mekdep DÖM 17 boýunça («Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk») we azyndan ýene-de beýleki üç ugur boýunça maglumatlaryny berýär. Ýokary okuw mekdebiň jemleýji utugy DÖM 17 boýunça utugyň DÖM-iň galan beýleki üç sany iň oňat utuklary bilen jemlenilmeginiň esasynda kesgitlenilýär.
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ählumumy reýtingde gazanan üstünlikleri olaryň alyp barýan işleriniň durnukly ösüş babatda häzirki zamanyň halkara talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. BMG-niň DÖM-i amala aşyrmaga ýokary mekdepleriň goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr hem-de ýurtda bu ugurda giň gerimli işleriň ýerine ýetirilýändiginiň subutnamasydyr.
Alnan netijeler durnukly ösüş wezipelerini çözmek babatda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň işlerini giňeltmäge, olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny berkitmäge we ýurduň ýokary biliminiň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny we abraýyny artdyrmaga ýardam eder.