Ï Türkmenistan halkara derejede iri taslamalary öňe sürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan halkara derejede iri taslamalary öňe sürýär

view-icon 91
Türkmenistan halkara derejede iri taslamalary öňe sürýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň energetika we tebigy serişdeleri boýunça Komitetiniň agzasy, Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle-de iki döwletiň köp ýyllaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenip geçildi.

Döwletara hyzmatdaşlykda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary esasy wektorlaryň arasynda ýer aldy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we baý tebigy gorlary halkara derejede iri infrastruktura taslamalary öňe sürmäge şert döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda şäherimiz Aşgabadyň Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýokary baha berýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz TOPH taslamasynyň tutuş sebitde ykdysady durnuklylyga, howpsuzlyga we abadançylyga gönüden-göni täsir etjekdigine ynam bildirdi.