Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatynyň senatory Stiw Deýnsi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilim, ylym we medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlygy bellediler. Nygtalyşy ýaly, bu ugurda köp ýyllaryň dowamynda bilelikdäki maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak üçin ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda ylmy-medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz türkmen ýaşlarynyň halkara bilim maksatnamalarynyň çäklerinde ABŞ-da bilim alýandyklaryny, soňky ýyllarda bolsa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mundan beýläk-de iki halkyň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.