Nebitgaz toplumynyň ösüşi we tebigy gazy dünýä bazarlaryna çykarmak ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň (ÝET) esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Degişli wezipeleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyz ÝET-niň ýolbaşçylaryna çig mal çykarmak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi we pudagy ösdürmegiň strategik ugurlaryny kesgitlemegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe möhüm wezipeleri öňe sürdi.
Birinji: iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan netijeli özleşdirmegi dowam etdirmek we türkmen gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak.
Ikinji: geologiýa-gözleg işlerini işjeňleşdirmek, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak.
Üçünji: toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak, çykarylýan çig malyň harytlyk görnüşini gowulandyrmak hem-de ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge esasy üns bermek.