Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 164

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, pagta ýagy, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, jins we nah matalar, jins çadyrlar, arassalanan dokma önümleriniň galyndylary, suw gyzdyryjy enjamlar we santehnika önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 128 million 216 müň manada deň bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), bugdaý ununy, nah ýüplügi, çig ýüpegi we pagta süýümini satyn aldylar.