Ï Täze tebigy gaz akymy alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze tebigy gaz akymy alyndy

view-icon 770
Täze tebigy gaz akymy alyndy

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynda ýokary depginde alnyp barylýan işler barha ilerleýär. Hormatly Prezidentimiziň kesgitlän wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýän türkmen gazçylarynyň tutanýerli işi netijesinde Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän gaz känindäki 04 belgili ulanyş guýusyndan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy.

Ýurdumyzyň gazçylarynyň 2916 metr çuňlukda buraw işlerini üstünlikli geçirip, ýer astyndaky 2860 — 2858 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli kükürtsiz arassa metan gazlardan bolan, ýokary ekologik gymmatlygy bilen tapawutlanýan tebigy gaz akymynyň alynmagy bu ugurda möhüm waka öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan energetika syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümlerinde guwandyryjy netijeler gazanylýar. Şunda Mary welaýatynyň çäginde iş alyp barýan gazçylaryň yhlasly zähmeti hem ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanyň halkara giňişlikde kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklaýar. Häzirki wagtda döwletimiziň uglewodorod serişde binýadyny we ony netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça strategiýa amala aşyrylýar.

«Galkynyş» gaz käniniň guýularynyň döwrebaplaşdyrylmagy, käniň düýpli özleşdirilmegi öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekmek bilen, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň artmagynda-da möhüm orny eýeleýär. Täze gaz akymynyň alynmagy bolsa bu ugurda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Bu bolsa uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportyny köpugurly esasda ösdürmäge, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň ygtybarly ulgamlaryny döretmäge goşmaça mümkinçilik berer. Şunda pudaga häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine zerur üns berilýär. Ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi netijesinde bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilýändigini bellemeli. Bir gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak çykymy bolan guýynyň önümçilik möçberini ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan netijeli işler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde işleri guramagyň täzeçil usullary netijeli ulanylýar. Döwlet energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdeler kuwwaty, onuň mümkinçilikleri milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine gönükdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda tebigy gaza baý täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak, guýulary düýpli abatlamak, döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtamak gerek.

Ussat türkmen gazçylary guýulary burawlamak, olary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede önümçilige girizmek ugrunda döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler.