Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 546

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçilerine dokma önümleriniň dürli görnüşleri, nah matalar ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 60 million 653 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), pagta ýagyny, nah matalary, pagta süýümini, pagtany gaýtadan işlemegiň galyndylaryny satyn aldylar.