Ï Türkmenistan Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegi teklip eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegi teklip eder

view-icon 83
Türkmenistan Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegi teklip eder

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýurdumyzyň çäginde Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip eder.

Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürer. Bu taslama Günorta we Merkezi Aziýany Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilendir.