Daşoguz welaýatynyň telekeçileri öz iş ugurlaryny işjeň giňeldýärler. Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldawa daýanyp, olar häzirki wagtda sebitiň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda – oba hojalyk önümçiliginden we sarp ediş harytlarynyň önümçiliginden başlap, hyzmatlar hem-de gurluşyk pudagyna çenli netijeli zähmet çekýärler.
Telekeçileriň aglabasy öz işini ýerli sarp ediş bazarynyň isleglerine laýyklykda ýola goýýar. Şeýle kärhanalaryň biri hem Yslam Hudargenowyň ýolbaşçylyk edýän täze önümçiligidir. Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda ýerleşýän «Dik aý» hususy kärhanasynda häzirki wagtda pružinly düşekleriň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýuldy.
Önümçilikde pružinleri towlamak, düşekleriň içki gatlaklaryny taýýarlamak we daşky örtüklerini tikmek üçin niýetlenen ýokary öndürijilikli, döwrebap enjamlar ulanylýar. Düşekleri öndürmekde ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, ýurdumyzda öndürilýän matalar we beýleki zerur çig mallar peýdalanylýar.
Kärhananyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, öndürilýän önümlere diňe ilat däl, eýsem, welaýatyň birnäçe ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralary hem uly gyzyklanma bildirýärler.
Ýene bir guwandyryjy ýagdaý bolsa, hususy telekeçileriň ozal welaýata beýleki sebitlerden we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerli önümçiligini üstünlikli ýola goýmagydyr. Şeýlelikde, «Halyçy gözeller» hususy kärhanasy welaýatda ilkinji bolup sintetik haly önümleriniň önümçiligini ýola goýdy.
Mundan başga-da, welaýatda ýurdumyzda öndürilýän sintetik polimerleri gaýtadan işlemäge gönükdirilen birnäçe hususy önümçilik, guýma metaldan bezeg önümlerini öndürýän kiçi kärhana we beýleki önümçilik desgalary hem üstünlikli işleýär.