Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek işewürlik maslahaty ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Maslahat iki goňşy döwletiň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň hem-de öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Çäräniň maksatnamasynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň çykyşy aýratyn orun eýeledi.
Diplomat maslahatyň ýokary derejede guralandygy, özbek wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik hem-de işewür toparlaryň netijeli gepleşik geçirmegi üçin döredilen amatly şertler üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol maslahatyň ýokary wekilçilikli düzümini belläp, her iki tarapdan ýigrimiden gowrak iri kompaniýanyň gatnaşmagynyň işewür toparlaryň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, haryt dolanyşygyny artdyrmaga we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge bolan özara gyzyklanmasyny aýdyň görkezýändigini nygtady.
«Iň geljegi uly ugurlaryň biri gurluşyk materiallaryny öndürmek babatda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmekdir. Häzirki wagtda iki ýurtda hem şähergurluşyk hem-de infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli maksatnamalaryň amala aşyrylýandygy sebäpli bu ugur aýratyn ähmiýete eýe bolýar» diýip, ilçi aýtdy.
Ilçi täze bilelikdäki önümçilik kärhanalaryny döretmek, tehnologiýalary alyş-çalyş etmek we özara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak üçin gyzyklanma döredýän önümleriň sanawyny jikme-jik beýan etdi. Gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge niýetlenen önümleriň hataryna gurluşyk we lak-boýag materiallary, sendwiç-panelleri we metal gurluşlar, bezeg çig mallary we plitka önümleri, metal däl mineral önümler, profiller, fittingler we gurluşyk plastigi, rezin-tehniki önümler we metal ýylylyk izolýasiýa serişdeleri, çoýun, polat, ferroerginler hem-de metiz önümleri (öz-özüni burawlaýan nurbatlar) girizildi.
R.Alimow sanalan ugurlaryň amaly ähmiýetini nygtap, Özbegistanyň senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we doganlyk Türkmenistan bilen bilelikdäki önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge doly taýýardygyny belledi. Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki ýurduň telekeçileri üçin amatly şertleri döretmäge berýän hemmetaraplaýyn goldawlary üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.