Ï Medeniýetleriň we eýýamlaryň dialogy «Miras» žurnalynyň sahypalarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýetleriň we eýýamlaryň dialogy «Miras» žurnalynyň sahypalarynda

view-icon 152

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşir halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy babatda täze açyşlar, ylmy barlaglaryň netijeleri, dil we edebiýaty öwreniş, taryh ylmy boýunça makalalar tapgyryny çap etmegi dowam etdirýär.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiziň Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlaglary ýerleşdirilipdir. Bu baýramçylyklar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Diýarymyzda giňden bellenip geçildi.

Däp bolan “Täze ylmy açyşlar” bölüminde “Golýazma çeşmelerinde bedew” atly makala bar. Makalanyň awtory halkymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden hem-de taryhyň gymmatly sahypalarynda mynasyp orun alan baý edebi mirasyna ýüzlenýär. Alymlar ýurdumyzda halkyň içinde saklanyp galan bedew bilen bagly golýazmalary toplaýarlar, daşary ýurtlaryň meşhur kitaphanalaryndan ençeme golýazmalaryň surat nusgalaryny Watanymyza getirýärler. Häzirki wagtda bu gymmatly golýazmalaryň surat nusgalary disk ýa-da mikrofilm görnüşinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda goralyp saklanylýar. Şol golýazmalar arap, pars, türki dillerde ýazylypdyr. Bedewler bilen bagly golýazmalar “Feresnama”, “Baýtarnama”, “Haýulnama”, “Furusnama” atlary bilen beýleki golýazmalardan tapawutlanýar. Bu atlar türkmen diline terjime edilende “Atnama” diýmegi aňladýar. Şolaryň her birinde bedewler barada seýrek duşýan maglumatlara duş gelmek bolýar. Makalada nygtalyşy ýaly, bu maglumatlar türkmen bedewiniň gelip çykyşyny, seýislenilişini we gorap saklanylyşyny öwrenmekde möhüm gollanma bolup hyzmat edýär.

“Bedew — biziň milli buýsanjymyz” atly makalada nesilleriň dowamatlylygy, halkymyzyň atlara bolan garaýşy bilen bagly mesele beýan edilýär. Makalada ata-babalarymyzyň milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrülen ajaýyp bedewlere uly sarpa goýandygy barada söz açylýar. Germaniýaly alym D.Mesleriň “Eýerlenen, adamsyz at Parfiýa eýýamynyň nyşanydyr” atly makalasynda ata bolan hormatyň gadymylygy subut edilýär. Alym muny dürli döwürlere degişli teňňeleriň ýüzündäki at şekillerini deňeşdirip, ylmy subutnamalar bilen delillendirýär. Bu bolsa ynsanyň ata bolan hormat-sarpasynyň has irki döwürden gaýdýandygyny ýüze çykarýar.

Arheolog alymlar hem bedewe çuňňur sarpanyň maddy subutnamalaryny yzygiderli açýarlar. Türkmenistanyň köp sanly ýadygärlikleriniň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri at baradaky gadymy ýadygärlikleri ýüze çykarýar. Taryhy tapyndylarda atlaryň heýkeliniň bolmagy ata-babalarymyzyň baý medeni mirasynyň nyşanydyr. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan bu şekiller bedewleriň müňýyllyklaryň dowamynda güýç-kuwwatyň, gözelligiň, wepalylygyň nusgasy bolandygynyň we şeýle bolmagynda galýandygynyň aýdyň güwäsidir. Pazyryk depesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri esasynda halynyň täsin nusgasy tapyldy. Bu halyda hatarlanan atlaryň şekiliniň bolmagy halkymyzyň ata bolan hormatynyň gadymylygyndan habar berýär. Bu şekilleriň Parfiýanyň gymmatlyklaryndaky şekiller hem-de türkmen halyçylyk sungatynyň däp bolan äheňlerine meňzeş bolmagy olaryň gözbaşynyň umumydygyny tassyklaýar. Şeýlelikde, gadymy teňňeler, halylardaky şekiller bedewe sarpanyň nesillerden-nesillere geçirilýän gymmatly miras bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Awtoryň belleýşi ýaly, edebiýatda bedew atyň keşbiniň şöhlelendirilişi uzak ösüş ýoluny geçipdir. At bilen ynsanyň gatnaşygynyň halk döredijiliginden şu günki edebiýatymyza çenli geçen ýoly yzarlananda, olaryň çeper keşbiniň edebiýatda özboluşly bir çeper däp bolup ýaşaýanlygy ýüze çykarylýar. Türkmen nusgawy edebiýatynda bedewiň çeper keşbini öwrenmek seýisçilik sungatynyň taryhy ýoluna, maddy-medeni mirasymyza dogry garaýyşlary, Watanymyzyň milli gymmatlyklaryna söýgini terbiýeleýär.

Okyjylara Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwrenmek boýunça ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Nikolaý Waskiwiň “Görogly” — türkmen halkynyň gahrymançylykly eposy: etniki we umumadamzat gymmatlyklarynyň sintezi” atly makalasy hödürlenilýär. Alymyň nygtaýşy ýaly, gahrymançylykly epos birnäçe müň ýyl mundan ozal, medeniýetiň we siwilizasiýanyň dörän wagtyndan bäri adamzadyň ömürlik ýoldaşy bolupdyr. Alym gadymy edebi ýadygärligiň çuňňur filosofik many-mazmunyny açyp görkezýär. “Görogly” eposy asyrlaryň dowamynda türki halklar tarapyndan dilden-dile geçip gelen maddy we ruhy gymmatlyklary özünde jemleýär. Bu epos şu günki gün hem öz ähmiýetini ýitirmeýän ýokary estetik gymmatlyk bolmagynda galýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle belleýär: “Görogly” eposy şu günki günde jemgyýetimiziň ruhy dünýäsiniň şuglasy, onuň iň kämil medeni hazynalarynyň biridir”. Awtor bu gahrymançylykly eposda türkmenler bilen ukrainleri, şeýle hem Ýer ýüzüniň ähli halklaryny biri-birine ýakyndan baglaýan gymmatlyklaryň birnäçesiniň bardygyny nygtaýar. Ilkinji nobatda, bu öz maşgalaňa, nesliňe, ene topragyňa, dogduk mekanyna bolan söýgi, ýagny watançylykdyr. Türkmen eposynyň dünýäniň ähli halklary üçin uly ähmiýete eýe bolmagy hem hut şu sebäplidir. Şeýle-de türkmenlere mahsus bolan myhmansöýerlik, söze wepalylyk, harby edermenlik, adalatlylygyň, milli özboluşlylygyň, maddy-ruhy we etniki gymmatlyklaryň goragyndaky gaýduwsyzlyk, gahrymançylyk ýaly häsiýetler muňa mysaldyr.

“Magtymgulynyň Durdy şahyr bilen edebi gatnaşyklary” atly makalada iki söz ussadynyň arasyndaky döredijilik dialogy seljerilýär. Makalanyň awtory olaryň eserleriniň şahyrana sazlaşygyny öwrenip, şahyrlaryň ikisiniň hem milli edebi genji-hazynamyza goşan ägirt uly goşandyny belleýär. Alym öz gelen netijelerini esaslandyrmak, nusgawy şahyrlaryň ägirtligini açyp görkezmek üçin häzirki döwrüň binýatlaýyn ylmy işlerine salgylanýar. Ol esasy ylmy iş hökmünde hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabyny mysal getirýär. Onda bu mirasy öwrenmegiň filosofik ugry giňden beýan edilýär. Şeýle hem makalada akademik W.M.Žirmunskiniň nusgawy işlerinden mysal getirilýär. Munuň özi bu gatnaşyklara Gündogar edebi däpleri nukdaýnazaryndan garamaga mümkinçilik berýär. Professor K.Ataýewiň “Edebi tapyndylar” atly kitaby hem makalanyň möhüm ylmy esasy bolupdyr. Bu eserdäki maglumatlar şahyrlaryň döredijilik gatnaşyklarynyň entek känbir mälim bolmadyk arhiw subutnamalaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär. Bu makala şeýle toplumlaýyn çemeleşmäniň esasynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň aýawly saklanylýandygyny hem-de öwrenilýändigini aýdyň görkezýär.

Žurnalyň “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölüminde “Türkmen-rus edebi gatnaşyklarynyň kemala gelşiniň taryhyndan” atly makala ýerleşdirilipdir. Makalada bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň beýleki milli edebiýatlar bilen edebi gatnaşyklary gadymy döwürlerden bäri ol ýa-da beýleki derejede dowam edip gelýär. Asyrlaryň dowamynda bu özara gatnaşyklar milli edebiýaty baýlaşdyryp, ýurdumyzyň milli mirasyny ählumumy medeni giňişlige ýakynlaşdyrmak üçin berk binýady döretdi. Edebiýaty öwreniş ylmynda türkmen edebiýaty bilen beýleki milli edebiýatlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň meselelerini öwrenýän uly ylmy işler bar. Şolaryň arasynda A.Samoýlowiç, Ý.Bertels, H.Görogly, L.Klimowiç, S.Alyýewa ýaly alymlaryň ylmy işlerinde türkmen edebiýatynyň beýleki edebiýatlar bilen baglanyşygyny köptaraplaýyn öwrenendiklerini bellemek bolar. Ýurdumyzyň hünärmenleri hem bu meseläni içgin öwrenmäge saldamly goşant goşdular. B.Garryýew, M.Kösäýew, D.Nuralyýew, Ş.Geldiýewa ýaly türkmen alymlary, ýazyjylary, tankytçylary hem türkmen edebiýatynyň beýleki halklaryň edebiýatlary bilen hyzmatdaşlygy barada köp sanly monografiýalary, ylmy işleri, makalalary ýazdylar. Awtoryň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň edebiýatynyň özara gatnaşygynda möhüm ähmiýet rus dilinden türkmen diline edilen terjimelere degişlidir. Olaryň kömegi bilen türkmen okyjylary rus ýazyjylarynyň meşhur eserleri bilen tanyşdylar, ýazyjylardyr terjimeçiler bolsa terjimäniň ajaýyp mekdebini geçdiler.

Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» atly bölüm bilen jemlenýär. Onda Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýän möhüm wakalaryň syny öz beýanyny tapýar. Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnalyň nakgaş eserleriniň, fotosuratlaryň nusgalary, seýrek muzeý we arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelendigini bellemek gerek. Çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnaly giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.