Ï Aşgabat dünýäniň maýadarlaryny kabul etmäge taýýarlanýar: TIF-2026 forumy 1-nji oktýabrda badalga alar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat dünýäniň maýadarlaryny kabul etmäge taýýarlanýar: TIF-2026 forumy 1-nji oktýabrda badalga alar

view-icon 164
Aşgabat dünýäniň maýadarlaryny kabul etmäge taýýarlanýar: TIF-2026 forumy 1-nji oktýabrda badalga alar

1-2-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy (TIF 2026) geçiriler. Bu çäre maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen iri halkara meýdança bolup, onda döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň hem-de işewür toparlaryň wekilleri geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşyp, olary durmuşa geçirmek boýunça çözgütleri kabul ederler.

Forum Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan «Turkmen Congress» kompaniýasynyň goldaw bermeginde guralýar. Forum halkara maýa goýum bazarynyň esasy gatnaşyjylaryny, şol sanda Halkara maliýe korporasiýasyny (IFC), Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankyny (EBRD) hem-de Beýik Britaniýanyň eksport-karz agentligini (UK Export Finance) bir ýere jemlär.

Forumyň işewürlik maksatnamasy energetika we nebithimiýa pudagy, ulag geçelgeleri, sanly ykdysadyýet we wirtual aktiwler, «ýaşyl» taslamalar, agrosenagat toplumy, syýahatçylyk we şäher infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle-de suw serişdelerini netijeli dolandyrmak ýaly ugurlary öz içine alar.

Mundan başga-da, ykdysadyýetde emeli aň tehnologiýalarynyň orny aýratyn üns merkezinde bolar. Bu ugur boýunça geçiriljek maslahatda öňdebaryjy bilermenler emeli aňyň ýurduň maýa goýum gurşawyna ýetirýän täsiri barada pikir alyşarlar.

Forumyň çäklerinde gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklara gatnaşyp, taslamalary durmuşa geçirmegiň hukuk we maliýe meseleleri boýunça amaly okuw maslahatlaryna goşularlar. Şeýle hem halkara maliýe institutlarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler dörediler.

Forumyň resmi web sahypasynda gatnaşyjylaryň hasaba alyş işi ýakyn wagtda açylar.

Gatnaşmak, hyzmatdaşlyk ýa-da hemaýatkärlik meseleleri boýunça contact@turkmencongress.com elektron poçta ýüz tutup bilersiňiz.

Telefon belgi: +993 71 87 18 14.