Ï «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçiriler

view-icon 141
«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11 – 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçirýändigini yglan etdi.

Bu çäre «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanýar. Bäsleşigiň esasy maksatlary ýaşlaryň arasynda atçylyk sungatyny, onuň köp asyrlyk taryhyny we milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmekden, şeýle hem bu ugur boýunça çuňňur bilimlere eýe bolan iň zehinli we başarnykly okuwçylary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolar. Birinji, saýlama tapgyr 22-nji sentýabrda onlaýn test görnüşinde geçiriler. Ikinji we üçünji tapgyrlar oktýabr – dekabr aýlarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler.

Üçünji, jemleýji tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy çykyş eden gatnaşyjylar kesgitlenip, olar bäsleşigiň birinji, ikinji we üçünji orunlarynyň eýeleri bolar. Ýeňijiler bäsleşigiň baş baýragy – ýörite kubok, altyn, kümüş we bürünç medallar, gymmatly hem-de ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Hormat hatlary, diplomlary we şahadatnamalary bilen sylaglanar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýokary synp okuwçylary bäsleşigiň düzgünnamasynyň goşundysynda görkezilen nusgany dolduryp, ony info@ihba.edu.tm elektron poçta salgysyna ibermeli.

Dalaşgärler, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň https://ihba.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdirilen hasaba alyş bölümi arkaly bellige alnyp bilerler. Sahypada bäsleşigiň geçirilmegi bilen bagly giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir.