Ï Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Back to school» atly çäresini geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Back to school» atly çäresini geçirdi

view-icon 105
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Back to school» atly çäresini geçirdi

2026-2027-nji okuw ýylynyň öňýanynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Back to school» («Mekdebe dolanmak») diýen haýyr-sahawat çäresini gurady.

«Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň hem-de Maýyplygy bolan adamlara goldaw merkeziniň ýardam bermeginde durmuşa geçirilen bu başlangyç ýaş gatnaşyjylara ýatdan çykmajak baýramçylyk şatlygyny peşgeş berdi.

Çäräniň çäklerinde maýyplygy bolan we mümkinçilikleri çäkli çagalara 25 sany mekdep toplumy gowşuryldy. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi hanym Beata Peksa diplomatik wekilhananyň işgärleri bilen bilelikde çagalara sowgatlary gowşuryp, olara okuwlarynda üstünlikler we bilime bolan höwesleriniň hiç wagt sönmezligini arzuw etdi.

Beata Peksanyň belleýşi ýaly, hemişe bilesigeliji bolmaly, mümkin boldugyça köp sowal bermeli we öwrenmegi hiç haçan bes etmeli däldir. Sebäbi täze mekdep torbalary we mekdep esbaplary diňe bir kitaplary daşamaga däl, eýsem, bilimde, döredijilikde we şahsyýet hökmünde ösmekde ygtybarly ýoldaş bolup hyzmat eder.

Eýýäm bäşinji gezek geçirilen bu çäre ÝB-niň wekilhanasynyň inklýuziw bilim bermegi goldamak boýunça däbe öwrülen meýdançasyna öwrüldi. Guramaçylar okuwçylary zerur bolan kanselýariýa harytlary we mekdep torbalary bilen üpjün etmek arkaly olaryň öňde duran sapaklara oňaýly taýýarlanmagyna kömek edýärler.

Bilim ýolunyň mydama hezillik we şatlyk getirmegi üçin aýdym-sazly, tansly we ösdüriji oýunly baý mazmunly dynç alyş maksatnamasyny taýýarlan animatordyr artistler täze okuw ýylynyň öňýanynda çagalara baýramçylyk şatlygyny peşgeş berdiler.