Ï Gyzylarbatly halyçylar Garaşsyzlyk toýumyza guwandyryjy zähmet sowgatlaryny taýýarlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gyzylarbatly halyçylar Garaşsyzlyk toýumyza guwandyryjy zähmet sowgatlaryny taýýarlaýarlar

view-icon 223
Gyzylarbatly halyçylar Garaşsyzlyk toýumyza guwandyryjy zähmet sowgatlaryny taýýarlaýarlar

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen halyçylyk sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy ähmiýetli rowaçlyklara, baý mazmunly öwüşginlere beslenýär. Munuň şeýledigine ýurt Garaşsyzlygynyň şöhratly 35 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda üstünlikli amala aşyrylýan işler hem doly güwä geçýär.

Bu ugurda ýurdumyzyň ähli sebitlerine mahsus bolýan guwandyryjy özgertmeler Balkan welaýatynda hem ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar. Şu babatda Günbatar sebitiň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň hatarynda tanalýan Gyzylarbat Çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylarynyň bitirýän işleri hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle-de türkmeniň milli senedini, halyçylyk sungatyny hemişelik hemra edinen zähmetsöýer balkanly halyçylar ýylyň-ýylyna nusgalyk önümçilik görkezijilerini gazanýarlar.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümindäki Gyzylarbat Çeper halyçylyk kärhanasynyň ellerinden dürler dökülýän tejribeli halyçy gelin-gyzlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da göreldeli zähmet çekýärler. Durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, mährem ene-mamalarymyzyň, nurana gelin-gyzlarymyzyň bimöçber yhlas-zehini, buýsanjy bilen taýsyz sungat derejesine göterilen türkmen halylaryna, haly-palas önümlerine owal-ahyr baky könelmezlik bagty ýazylypdyr. Şu aýdyň hakykata gürrüňi edilýän çeper halyçylyk kärhanasynda dokalýan nepis halylary synlanyňda-da göz ýetirýärsiň.

Ýeri gelende aýtsak, ynsan eli bilen döredilýän gözellikleriň iň kämili hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna mynasyp bolan türkmen halylarynyň hilinidir netijeliligini artdyrmakda öňdebaryjy kärhanada belent sepgitlere ýetilýär. Ussat halyçylaryň dokaýan nepis haly we haly önümleriniň ählisi içerki, daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýar. Üstümizdäki şanly ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça-da kärhanada 1677 inedördül metrden gowrak dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleri dokalyp, degişli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da hasabat döwründe öndürilen önümleriň maliýe hasabyndaky möçberem ýokary boldy.

Häzirki wagtda gyzylarbatly halyçylar gadymdan galan nusgalary dikeltmekde, halylara döwrebap öwüşginleri berip, täze-täze nagyşlary, gölleri döretmekde ähli tagallalary edýärler. Olar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny görnükli zähmet görkezijilerine beslemek ugrunda has-da öndürijilikli işleýärler.

– Şu günlerde halyçylyk kärhanamyzda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna sowgat edilip, guşly gölli äpet halynyň dokalýandygyny uly buýsanç bilen aýdasym gelýär. Bu äpet halynyň düşegi ak, ini 23 metr, boýy 12 metr bolup, umumy meýdany 276 inedördül metrden ybaratdyr. Şeýle-de äpet halyny jemi iki çalşygyň dowamynda 84 halyçy dokaýar. 

Nesip bolsa, bu äpet halyny awgust aýynyň ahyryna çenli tamamlap, bellenilen möhletde ýokary önümçilik talaplaryna laýyklykda tabşyrarys. Bu bolsa agzybir zähmet toparymyzyň beýik Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk taryhy senesine mynasyp sowgady bolar – diýip, Gyzylarbat Çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhanasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Patma Amanjaýewa biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.