Ï Bilim – ösüşiň strategik binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilim – ösüşiň strategik binýady

view-icon 52
Bilim – ösüşiň strategik binýady

Häzirki döwürde çalt depginler bilen bolup geçýän özgerişleriň şertlerinde döwletiň esasy baýlygy diňe bir maddy serişdeler bolman, eýsem, adam maýasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri we maksatnamalaýyn resminamalary bilim ulgamyny ýurduň durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde kesgitleýär.

Halk Maslahatynyň geçirilen mejlisleriniň maksatnamalaýyn resminamalarynda bellenilişi ýaly, bilime diňe bir özbaşdak durmuş ulgamy hökmünde däl-de, eýsem, geljegiň ykdysadyýetini kemala getirýän strategik pudak hökmünde garalýar. Ýokary hilli bilim senagatlaşdyrmagyň, sanlylaşdyrmagyň we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň binýadydyr. Ýaşlaryň bilim almagyna gönükdirilýän maýa goýumlary bolsa döwletiň iň ygtybarly we uzak möhletleýin maýa goýumlarydyr.

Muňa iş ýüzünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap elektron ulgamlaryň, interaktiw platformalaryň giňden ornaşdyrylmagy, takyk ylymlaryň, inženerçilik we IT ugurlarynyň çuňlaşdyrylyp öwrenilmegi aýdyň subutnama bolup durýar. Birnäçe daşary ýurt dillerini erkin bilýän hünärmenleriň taýýarlanmagy hem Türkmenistanyň halkara giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna giň ýol açýar. Arkadag şäherinde iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň gurulmagy hem ýokarda aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

Şunuň bilen birlikde, bilim ulgamyny kämilleşdirmek meselesiniň milli gymmatlyklar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýratyn bellemek gerek. Şonuň üçin bilim diňe belli bir başarnyklaryň toplumy hökmünde däl-de, eýsem, sazlaşykly ösen şahsyýeti terbiýelemegiň bitewi ulgamy hökmünde kabul edilýär. Şu nukdaýnazardan, Halk Maslahatynyň resminamalarynda dünýäniň öňdebaryjy usulyýetlerini milli medeni we ruhy mirasyň baýlygy bilen utgaşdyrmaga, ýaş nesilde watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, ýokary ahlak ýörelgelerini we ýurduň taryhyna hormat goýmak duýgusyny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýaşlara ylmyň we innowasiýalaryň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde garamak nesilleriň dowamatlylygyny üpjün etmekde dogry ugur bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşlaryň ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär, ýaşlaryň startaplaryna, täzeçil pikirlerine we akademiki başlangyçlaryna goldaw berilýär. Ýurdumyzdaky ýokary okuw we beýleki bilim edaralarynda senagatyň hem-de dolandyryşyň ýokary tehnologiýaly ugurlary üçin täze görnüşli hünärmenler taýýarlanylýar.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň esasy resminamalarynda bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň möhüm ugurlary onuň ösüş konsepsiýasynda kesgitlenendir. Bu konsepsiýa ýakyn geljekde:

– bilimleri däp bolan görnüşde bermekden ýaşlarda tankydy pikirlenmäni, hünär başarnyklaryny we innowasion mümkinçilikleri kemala getirmäge geçmegi;

– okuw işine sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy, elektron kitaphanalary, uzak aralykdan bilim beriş platformalaryny döretmegi we IT bilimini ösdürmegi;

– nazary bilimleri milli hojalyk toplumynyň, şol sanda energetika, senagat, oba hojalygy we sanly pudagyň amaly zerurlyklary bilen baglanyşdyrmagy;

– dünýä ylmy we ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmak maksady bilen köp dilli bilimi höweslendirmegi, milli mirasy öwrenmek bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini işjeň özleşdirmegi;

– halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap bilim edaralaryny, ylmy-barlag merkezlerini we barlaghanalary gurmagy göz öňünde tutýar.

Bu ugurlar boýunça gündelik durmuşda yzygiderli bolup geçýän giň gerimli özgerişler saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyny tassyklaýar. Halk Maslahatynyň resminamalarynda kesgitlenen strategik ugur bilim ulgamyny geljege tarap ygtybarly köprä öwürýär. Bilime, innowasiýalara we watansöýüjilige daýanmak Türkmenistanyň durnukly ösüşini we dünýä derejesinde ýokary bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär.