Mähriban ene-atalar, eziz çagalar we ýetginjekler!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy sizi paýtagtymyzda geçiriljek «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna çagyrýar.
Bu ajaýyp çäre 2026-njy ýylyň 19 – 22-nji awgusty aralygynda geçiriler. Serginiň çäginde guramamyzyň ýörite diwarlygy çagalar we olaryň ene-atalary üçin iň gyzykly, özüne çekiji hem-de ekologiýa sowatlylygy artdyrjak esasy nokatlaryň birine öwrüler.
Biziň diwarlygymyzda çagalara «Eco Jenga», «Save the planet springer», «Eco-themed T-shirt activity», «Eco sorting», «Tangram» hem-de «Bu nämäniň ýapragy?» ýaly gyzykly eko-oýunlar garaşýar. Şeýle hem galyndylary dogry dolandyrmak boýunça ýörite ussatlyk sapaklary geçiriler. Mundan başga-da, çagalar tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda dürli ösümlikleri ekip, özlerini hakyky tebigatçy hökmünde duýup bilerler.
Wagtyňyzy peýdaly, gyzykly we ekologiýa taýdan bilimli geçiriň! Size sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!
Habarlaşmak üçin:
Telefon: +(993 64) 26-84-32
TikTok: @yash_tebigatchy.jg
Instagram: @yashtebigatchy