Şu günler Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda-da täze 2026 – 2027-nji okuw ýylynyň barha ýakynlaşmagy bilen ähli bazarlaryň golaýynda möwsümleýin mekdep bazarlary öz işini gyzgalaňly dowam edýär. Mary şäherinde ýerleşýän «Maru-Şahu-Jahan» merkezi bazarynda hereket edýän mekdep bazary hem iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Bu ýerde satylýan ähli okuw esbaplarynyň hem lybaslarynyň esasy öz ýurdumyzda öndürilen önümlerdigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýerli hususy kärhanalarda öndürilen dürli okuw esbaplary alyjylaryň uly islegine eýe bolýar.
Mekdep bazarynda ýörite okuwçylar üçin niýetlenilen köýnekler, aýakgaplar, tahýalar, dürli görnüşli mekdep ýantorbalary, depderdir galamlar we beýleki okuw esbaplary bu ýere gelýän müşderilere elýeterli bahalardan hödürlenýär. Mekdep bazarynda diňe okuwçylar üçin däl-de, talyp ýaşlar üçin hem dürli görnüşli zerur harytlar bar. Bazarlarda, dükanlarda, göçme söwda nokatlarynda ýokary hilli, bäsleşige ukyply zerur okuw harytlarynyň bolçulygy welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar çagalaryň erkana ösüp ulalmaklary, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary ugrunda döwletimiz tarapyndan örän uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Mekdep bazarlarynda okuwçylara zerur bolan okuw esbaplarynyň köpdürlüligini synlanyňda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda haryt bolçulygyny döredip, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary hoşallyk sözlerini aýdýarlar.