Ï Awaza: ýaşyl ösüşiň we tebigatyň sazlaşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awaza: ýaşyl ösüşiň we tebigatyň sazlaşygy

view-icon 579
Awaza: ýaşyl ösüşiň we tebigatyň sazlaşygy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýaşyl zolaklaryň ösdürilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Hazar deňziniň kenarynda ýabany tebigatyň täsin wekilleri ýygy-ýygydan duş gelýär. Şolaryň käbirleri üçin dynç alyş zolagynyň abadanlaşdyrylan künjekleri hakyky mesgene öwrülýär.

«Şapak» sagaldyş merkeziniň we kottejler toplumynyň seýilgäh zolagyny mesgen edinen şeýle guşlaryň biri hem hüýpüpikdir (Upupa epops). Toplumyň çägindäki ösümlikler, agaçlar we bezeg gülleri guşlaryň ýaşamagy üçin amatly tebigy şertleri döredýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen goňşuçylykda ýerleşýän Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde dürli görnüşli guşlara duş gelmek bolýar. Hüýpüpik hem şol ýerleriň has görnükli ýaşaýjylarynyň biridir. Ol kepderiden kiçiräk bolup, daşky görnüşi we kellesindäki sarymtyl-gyzyl reňkli, ýelpewaç şekilli täji bilen aňsat tanalýar.

Hüýpüpikler bu ýerlere ýaz paslynda uçup gelýärler we güýzde gyşlamak üçin başga ýerlere göçýärler. Şeýle-de bolsa, käbir ýagdaýlarda olara noýabr aýynda hem sebitde duş gelmek bolýar. Adatça olar açyk meýdanlarda, agaçlaryň köweginde, gaýalaryň jaýryklarynda, daş üýşmekleriniň aşagynda ýa-da jülgeleriň kert kenarlarynda höwürtgeleýärler. Awazanyň abadanlaşdyrylan we gök öwüsýän seýilgähleri bolsa bu guşlara dynç almak hem-de iýmit gözlemek üçin amatly ýerdir.

Kenarýaka zolakda hüýpüpige duş gelinmegi özboluşly many-mazmuna eýedir. Sebäbi hüýpüpik adamzat taryhyna gadymy döwürlerden bäri mälim bolan guşlaryň biridir. Onuň ilkinji şekilleri we ýazuw çeşmelerindäki maglumatlary Gadymy Müsür döwrüne degişlidir. Hüýpüpigiň şekili ybadathanalaryň we piramidalaryň diwarlarynda şekillendirilip, oňa mukaddes jandar hökmünde hormat goýlupdyr.

Türki halklaryň medeniýetinde hem bu guşa yslam däpleriniň we sähra folklorynyň täsiri bilen aýratyn many berilýär. Türki dilleriň köpüsinde onuň ady guşuň özboluşly, boguk sesli gykylygyna meňzedilip atlandyrylýar.

Bu guşuň keşbi gündogar edebiýatynyň nusgawy eserlerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Pars şahyry we sopuçylyk akymynyň görnükli wekili Ferideddin Attaryň meşhur «Guşlaryň söhbeti» atly eserinde hut Hüýpüpik guşlar tarapyndan ruhy halypa we ýol görkeziji hökmünde saýlanyp, olary rowaýatlarda beýan edilýän Symrug guşuny gözlemäge alyp barýar.

Gündelik durmuşynda hüýpüpik çalt hereketli we çalasyn guşdur. Ol wagtynyň köp bölegini ýerde geçirip, mör-möjekleri awlaýar. Duýdansyz howp abananda bolsa, ussatlyk bilen bukulyp bilýär. Guş ýere gysylyp, ganatlaryny we guýrugyny ýaýyp, çüňküni ýokary galdyrýar.

Hüýpüpigiň uçuşy kebelekleriň hereketini ýada salýan ganat kakmalary bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde ol örän çeýe we çalasyn uçýandygy sebäpli, ýyrtyjy guşlara ony howada tutmak seýrek başardýar. Özboluşly we täsirli keşbi sebäpli hüýpüpigiň şekili dünýäniň dürli ýurtlarynyň poçta markalarynda, teňňelerinde we pullarynda hem birnäçe gezek ýerleşdirilipdir.

Baglary we bol ösümlikli ýerleri halaýan şeýle guşlaryň Awazada peýda bolmagy deňziň kenarynda alnyp barylýan giň gerimli abadanlaşdyryş we bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr. Seýilgähleriň döredilmegi, olaryň yzygiderli suwarylmagy, ýaprakly we pürli agaçlaryň ekilmegi sebitde durnukly ekoulgamyň kemala gelmegine, biodürlüligiň baýlaşmagyna we kenarýaka zolagyň hakyky ýaşyl oazise öwrülmegine şert döredýär.

Şeýle şertleriň döremegi kenarýakada ýaşaýan beýleki guşlaryň hereketlerine hem öz täsirini ýetirýär. Mysal üçin, hazar çarlaklary adamlar bilen şeýle bir öwrenişdiler welin, olar indi adamlardan çekinmeýärler diýen ýaly. Olar dynç alýan adamlaryň ýanyna, suwa örän golaý uçup gelip, özboluşly ýagdaýy döredýärler.

Şeýle tebigy gurşawda dynç alanyňda, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy we bitewiligi has aýdyň duýmak bolýar. Awazanyň ýaşyl zolaklarynyň giňeldilmegi bolsa diňe bir syýahatçylyk üçin amatly şertleri döretmän, eýsem, sebitde tebigy baýlyklaryň we biodürlüligiň goralmagyna hem möhüm goşant goşýar.