Ï Amerikan merkezi Aşgabatdaky «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasynda öz bilim maksatnamalary bilen tanyşdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amerikan merkezi Aşgabatdaky «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasynda öz bilim maksatnamalary bilen tanyşdyrdy

view-icon 71
Amerikan merkezi Aşgabatdaky «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasynda öz bilim maksatnamalary bilen tanyşdyrdy

Türkmenistanyň paýtagtynda her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär. Bu ýöriteleşdirilen sergi çagalar we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, şeýle hem bilim we terbiýeçilik hyzmatlaryny hödürleýän öňdebaryjy ýerli we dünýä kompaniýalaryny birleşdirýän abraýly meýdança hökmünde tanalýar.

Forumyň däbe öwrülen gatnaşyjylarynyň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Amerikan merkezidir. Merkeziň wekili Muhabat Rozmämmedowa «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy bilen bolan söhbetdeşlikde merkeziň sergi meýdançasynda taýýarlan giň maksatnamasy we işiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi.

-Amerikan merkezi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanynda hereket edýär. Biz myhmanlara çap edilen kitaplaryň giň toplumyndan, elektron kitaphanamyzdan, şeýle hem ABŞ-nyň öňdebaryjy tehnologik we bilim çeşmelerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýäris. «Kids EXPO» sergisine eýýäm üçünji ýyl yzly-yzyna gatnaşýarys. Bu gezek sergimiz kosmos we ýokary tehnologiýalar mowzugyna bagyşlandy. Dürli ýaşdaky myhmanlar üçin interaktiw meýdançalary taýýarladyk- diýip, Muhabat gürrüň berdi.

Merkeziň diwarlygy kosmos meýdançasy görnüşinde guralypdyr. Bu ýerde iň kiçi myhmanlar Dash robotlarynyň kömegi bilen programmirlemegiň başlangyç endiklerini öwrenip bilýärler. Has uly ýaşdaky çagalar bolsa Lego toplumlaryndan çylşyrymly nusgalary ýygnap we olary kodlap bilýärler.

Ýokary synp okuwçylary we ulular üçin «Arduino» platformasynyň esasynda işleýän serişdeler hödürlenýär. Olaryň kömegi bilen gatnaşyjylar öz robotlaryny we mikroelektron enjamlaryny döredip bilýärler.

Bu ýerde dürli intellektual bäsleşiklere hem gatnaşmak mümkin. Guramaçylar «Math24» matematika bäsleşigini geçirýärler. Onda gatnaşyjylar arifmetiki hasaplamalary ýerine ýetirmegiň tizligi boýunça bäsleşýärler.

Maksatnamanyň aýratyn möhüm bölegi «NASA Space Apps Challenge» halkara taslamasydyr. Iki günlük hakatonyň dowamynda gatnaşyjylar NASA-nyň alymlary tarapyndan hödürlenýän meseleleri çözýärler. Bu meseleler kosmos barlaglaryndan we tehnologiýalardan başlap, Ýeriň häzirki zaman howa bilen baglanyşykly meselelerine çenli giň ugurlary öz içine alýar.

Merkeziň wekilleriniň aýtmagyna görä, interaktiw görnüş ýaş myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Çagalar tehnologiýalara öz elleri bilen degip görmek, robotyň hereketini programmirlemek, onuň funksiýalaryny sazlamak ýa-da dürli nusgalary özbaşdak ýygnamak mümkinçiligine şat bolýarlar. Şeýle işler olara ilkinji amaly tejribäni almaga mümkinçilik berýär.

-Biz üçin «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasy diňe bir çagalaryň baýramçylygy däl, eýsem, dialog üçin möhüm meýdançadyr. Bu ýerde bilim merkezleri, diplomatik wekilhanalar hem-de degişli ugurdaky işewürligiň wekilleri aragatnaşyk saklap, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitläp bilerler. Esasy maksadymyz bolsa çagalara öz mümkinçiliklerini açmaga, zehinlerini ösdürmäge we ylma bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga mümkinçilik bermekdir- diýip, Muhabat Rozmämmedowa belledi.