Ï Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy: ylym, innowasiýa, ösüş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy: ylym, innowasiýa, ösüş

view-icon 10
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy: ylym, innowasiýa, ösüş

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi. Myhmanlaryň saparynyň maksady Türkmenistan bilen HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň arasynda oba hojalygy, söwda-ykdysady we ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

Hytaýdan Aşgabada gelen uly wekilçilikli düzümiň agzalary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördüler. Myhmanlar bu ýerde mähirli garşylandylar. Olara Halkara ylmy-tehnologiýa parky barada maglumat berlip, onuň düzümi hem-de bölümlerinde ornaşdyrylan innowasion häsiýetli tehnologik gurluşlary bilen tanyşdyryldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy E.Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalaryna gürrüň berilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň häzirki wagtda üstünlikli dowam edýän ylym-bilim syýasaty esasynda ylym ulgamynyň döwrebap innowasion ösüşi üpjün edilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde diňe bir sebit derejesinde däl-de, eýsem, bütin dünýä ähmiýetli işler amala aşyrylýar.

Halkara ylmy hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň ylmyň gazananlaryny sebitleýin we ählumumy derejede tehnologik ösüşleri üpjün etmek arkaly durnukly ösüş maksatlaryna tarap gönükdirmäge degişli wezipeleri berjaý edýändigi aýratyn nygtaldy.

Soňra hytaýly wekiliýetiň agzalary Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň gerimini has-da giňeltmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi nygtaldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy E.Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana şu sapary hem munuň ýene-de bir aýdyň mysalydyr diýlip, duşuşykda aýdyldy.

Çünki myhmanlaryň saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň arasynda oba hojalyk, söwda-ykdysady we ylym-bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Günüň ikinji ýarymynda myhmanlaryň ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň, şol sanda Türkmenistanyň oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de oba hojalyk toplumynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Munuň özi hyzmatdaşlygyň häzirki uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek işlerine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistan birnäçe abraýly we iri halkara guramalaryň ýokary derejedäki forumlarynyň sammitlerinde häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürdi, ol başlangyçlar häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi Türkmenistanyň dürli ulgamlarda Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyny barha ösdürmegi meýilleşdirmegi bilen şertlendirilendir.

Bu ugurda ýola goýlan işleriň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklere garalmagy häzirki maslahatyň esasy meseleleri boldy. Şunuň bilen baglylykda, nygtalyşy ýaly, taraplaryň degişli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürip, barha kämilleşdirmekleri üçin hemme mümkinçilikler, iň esasy bolsa, bu işlere uly gyzyklanmalar bar.

Maslahatda edilen çykyşlar Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan möhüm wezipeleriň biriniň söwda-ykdysady ulgamdaky, şol sanda oba hojalyk pudagynda gatnaşyklary ösdürmekden ybarat bolup durýandygyny aýdyň görkezdi.

Şeýle hem hytaýly wekiliýetiň agzalarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de pudagyň birnäçe degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky duşuşygy geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda, aýratyn-da, söwda-ykdysady, şol sanda oba hojalyk ulgamlarynda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürmek hem-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilip, onuň iki halkyň bähbidine täze sepgitlere ýetjekdigine uly ynam bildirdiler.

Çykyşlarda maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak, şeýle oba hojalygy we ekologiýa, ulgamlarynda, tehnika we tehnologik taýdan üpjünçilik babatda ýola goýlan gatnaşyklary has-da giňeltmek, ulag we logistika hyzmatlarynyň kömegi bilen işewürlik gatnaşyklaryny hem-de beýleki ugurlary ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi.

Işjeň we netijeli häsiýetde geçen forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeler esasynda guralýan dostluk we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler hem-de şeýle duşuşyklary we forumlary goldap, olaryň geçirilmegine döredilen hemme amatly mümkinçilikler we şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy E.Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza sapary dowam edýär.