Ï «Paryzdepe – müňýyllyklaryň mirasy» atly kitap neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Paryzdepe – müňýyllyklaryň mirasy» atly kitap neşir edildi

view-icon 185
«Paryzdepe – müňýyllyklaryň mirasy» atly kitap neşir edildi

Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Paryzdepe – müňýyllyklaryň mirasy» atly täze kitap neşir edildi. Kitabyň awtory Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alym-arheology Rejep Jommyýew. Ol Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerine gönüden-göni gatnaşyp, köp gatlakly bu ýadygärligi öwrenmek boýunça birnäçe ylmy işleriň awtory hökmünde tanalýar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen täze kitapda 2023-nji ýylyň güýz möwsüminde hem-de 2024-nji ýylyň ýaz möwsüminde geçirilen arheologik barlaglaryň netijeleri jemlenýär.

2017-nji ýylyň güýzünden 2024-nji ýylyň ýazyna çenli geçirilen toplumlaýyn gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, ilatly ýeriň esaslandyrylan döwründen başlap, ösüşiniň üç esasy tapgyry anyklaşdyryldy. Bu işleriň esasy maksady Paryzdepe ýadygärliginiň takyk senesini kesgitlemek hem-de onuň işleýşiniň esasy ugurlaryny aýdyňlaşdyrmakdan ybarat boldy.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärligindäki taryhy wakalaryň yzygiderliligini kesgitlemek, şeýle hem içki galanyň medeni gatlaklarynyň stratigrafiýasynyň başlangyjyny anyklamak maksady bilen alymlar täze maglumatlary öňki arheologik ekspedisiýalaryň işleri bilen deňeşdirip, seljerme geçirdiler. Bu bolsa şäherçäniň medeni gatlaklarynyň iň irki düýbüni yzygiderli öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Neşirde soňky döwürde gazanylan iň möhüm ylmy açyşlar jemlenendir. Kitapda Änew medeniýetine degişli täsin küýzäniň dikeldilişi jikme-jik beýan edilýär. Şeýle hem gadymy ilatyň maddy we ruhy durmuşyny açyp görkezýän gymmatly arheologik tapyndylar okyjylara hödürlenýär. Bu maglumatlar ýadygärligiň sebitleýin we taryhy nukdaýnazardan ähmiýetine täzeden baha bermäge mümkinçilik berýär.

Neşir özara baglanyşykly dört bapdan ybarat. Birinji bapda Paryzdepäniň öwreniliş taryhy we onuň medeni gatlaklarynyň aýratynlyklary, şol sanda Änew medeniýetine degişli gatlaklar barada maglumat berilýär. Ikinji bap ilatyň önümçilik işlerine we ruhy medeniýetine bagyşlanyp, onda küýzegärçiligiň we mis önümçiliginiň ösüşi, şeýle hem jaýlama däpleri beýan edilýär. Üçünji bapda gadymy binagärçiligiň yzlary, şol sanda gurluşyk galyndylary we daşlaryň binagärlikde hem-de durmuşda ulanylyşy öwrenilýär. Dördünji bapda bolsa ýadygärligiň taryhy we onuň halkara derejesinde öwrenilişi baradaky maglumatlar ýerleşdirilendir.

Gözlegde bellenilişi ýaly, Paryzdepäniň medeni gatlaklary baý we çylşyrymly taryhy wakalary özünde jemleýär. Soňky ýyllarda ýüze çykarylan keramika bölekleri we doly dikeldilen küýzegärçilik önümleri Änew medeniýetiniň döwründe, ýagny b.e. öňki V müňýyllykda bu ýerde iri oturymly ilatly ýeriň bolandygyny tassyklaýar. Bu bolsa eneolit döwründe hünärmentçiligiň we sungatyň ýokary derejede ösendigini görkezýär.

Monografiýanyň usulyýet we nazaryýet binýadyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Hakyda göwheri» atly eserleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby düzdi.

Işi taýýarlamagyň dowamynda awtor belli alym-arheologlaryň we taryhçylaryň, şol sanda O.Berdiýewiň, E.Atagarryýewiň, W.M.Massonyň, B.A.Litwinskiniň, W.N.Pilipkonyň, M.Annanepesowyň, M.Mämmedowyň, H.Ýusupowyň, A.O.Berdiýewiň, G.Ýagşymyradowyň, A.Atagarryýewiň we beýleki hünärmenleriň ylmy barlaglaryndan hem peýdalanypdyr.

Neşir «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde taýýarlanyldy.