Ï Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

view-icon 174
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

Her ýyl 14-nji sentýabrda bellenilýän Milli hindi diliniň güni (Hindi Diwas) mynasybetli Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy döredijilik bäsleşikleriniň tapgyryny geçirýär. Bäsleşikler 10-njy sentýabrda geçiriler. Çäre üç ugur boýunça guralar:

Goşgy okamak bäsleşigi – hindi dilini öwrenýän we ulanýan gatnaşyjylar üçin niýetlenendir. Gatnaşyjylar hindi dilindäki goşgudan bir parçany ýa-da goşgyny ýatdan öwrenip, ony labyzly okamalydyrlar.

Düzme ýazmak bäsleşigi – hindi dilinde öz pikirlerini erkin beýan edip bilýän gatnaşyjylar üçin niýetlenendir. Düzmäniň temasy bäsleşigiň geçiriljek güni yglan ediler.

Surat çekmek bäsleşigi – surat çekmek ukybyna eýe bolan ähli isleg bildirýänler çagyrylýar. Işleriň temasy Hindistan we hindi dili bilen baglanyşykly bolup biler. Kagyz guramaçylar tarapyndan üpjün ediler, çotgalary we boýaglaryny bolsa gatnaşyjylar özleri bilen getirmeli.

Gatnaşmagyň şertleri: Bäsleşiklere gatnaşmak isleýänler 8-nji sentýabra çenli deslapky hasaba alyşdan geçmelidirler. Arzalary şu salgylaryň üsti bilen tabşyryp bolar:

Telefon: +993 65 69 46 86

Elektron poçta: int.ashgabat@mea.gov.in.