Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynyň jemleýji tapgyry bilen tanyşdy. Desganyň ulanmaga berilmegi emeli aňyň mümkinçilikleri esasynda işlenip taýýarlanan çözgütleri hem goşmak bilen, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna milli saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňelder.
Täze merkez stomatologik hyzmatlaryň we ýüz-äň hirurgiýasynyň ähli görnüşlerini hödürlemäge ýöriteleşendir. Lukmançylyk edarasy Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen üpjün edildi. Taslamanyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy kliniki merkezleri bilen işjeň hünär hyzmatdaşlygyny ýola goýmak hem-de ýokary hünärli işgärleri işe çekmek göz öňünde tutulýar.
Desganyň düzümine birnäçe döwrebap tehnologik bölüm girýär. Olaryň hatarynda ambulator we stasionar bölümleri, fizioterapiýa bölümini, birnäçe operasiýa otagyndan ybarat operasiýa we sterilizasiýa toplumyny, şeýle hem anesteziologiýa we reanimasiýa bölümlerini öz içine alýan kliniki bölüm bar.
Mundan başga-da, ýöriteleşdirilen şöhle bilen anyklaýyş, endoskopiýa, funksional hem-de kliniki-barlaghana anyklaýyş bölümlerinden ybarat diagnostika merkezi döredildi. Sanly ekoulgam awtomatlaşdyrylan barlaghana toplumyny, elektron resminama dolanyşygynyň bitewi ulgamyny we näsaglaryň maglumatlaryna gözegçilik etmek üçin ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligini öz içine alýar.
Merkeziň öňdebaryjy maddy-tehniki binýady ýüz-äň bölekleriniň dürli kesellerini we şikeslerini ýokary takyklykda anyklamaga hem-de bejermäge, şeýle hem hyzmatlary halkara derejesinde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.