Ï Aşgabatda «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çäre geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çäre geçiriler

view-icon 256
Aşgabatda «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çäre geçiriler

Paýtagtymyzyň hormatly ýaşaýjylary we myhmanlary, gadyrly tebigaty söýüjiler «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy sizi daşky gurşawymyza aýawly çemeleşmäge bagyşlanan eko-çärä çagyrýar.

Taslamanyň esasy maksady oňa gatnaşyjylaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek we has ýaşyl, abadan hem-de durnukly şäher gurşawyny döretmek üçin täzeçil pikirlere höweslendirmekden ybaratdyr.

Giň mazmunly maksatnamada size ekologiýa boýunça dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň tanyşdyrylyşy, döredijilikli çykyşlar, ekologiýa taslamalarynyň görkezilişi, şeýle hem gyzykly oýunlar we bäsleşikler garaşýar.

Galyndylary dolandyrmak boýunça geçiriljek interaktiw ussatlyk sapagy çäräniň aýratyn wakasy bolar. Gatnaşyjylar galyndylary döredijilikli gaýtadan peýdalanmagyň amaly ýollaryny öwrenip, öz eko-dizaýnlaryny dörederler hem-de pagta torbalary boýaglar bilen bezäp, ýadygärlik hökmünde özleri bilen äkidip bilerler.

Çärä eko-meýletinçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini, ýaşlary we owadan şäherimiziň arassa geljegine öz goşantlaryny goşmak isleýän ähli ýaşaýjylaryny, myhmanlaryny çagyrylýar.

Güni we wagty: 2026-njy ýylyň 29-njy awgusty, sagat 17:00.

Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, «С» toplumy, 1-nji gat, «Bilelik Hub» döredijilik merkezi.

Giriş tölegsizdir. Giňişleýin maglumat üçin +993 64 26-84-32 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.