Ï Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 230
Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Filipp Merlen bilen duşuşdy.

Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Fransiýanyň Ilçisi özüniň diplomatik gullugyny alyp baran döwründe berilen hemmetaraplaýyn goldaw üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar.

Döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy şerti hökmünde ýokary derejedäki saparlar we hyzmatdaşlyklaryň tutýan orny aýratyn bellenildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady gatnaşyklar, hususan-da, oba we suw hojalygy hem-de «ýaşyl» tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda köp ýyllyk özara gatnaşyklaryň netijeli bolandygyny tassykladylar.