Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly kalplarymyza unudylmajak röwşen nuruny çaýyp, hakydalara hemişelik ýazylýar. Şanly ýylymyzyň arka atylýan her bir güni ýatdan çykmajak ajaýyp dabaralara, baýramçylyk çärelerine ulaşýar.



Şu günler bolsa giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynyň çar künjeginde hem belentden tutulýar. Welaýatyň ähli etraplarydyr şäherlerini gurşap alan toý-baýramçylyk çäreleriniň biri-de «Müdimi senadyr ene hüwdüsi» diýen at bilen welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda guraldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan bilelikde yglan edilen bäsleşik baý mazmunly öwüşginlere, ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Çäksiz söýgä, bimöçber buýsanja eýe bolan bäsleşigiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan nusgalyk ösüşler, bagtyýar zenanlara döwlet derejesinde goýulýan hormatdyr sylag-sarpa dogrusynda guwançly bellenip geçildi. Şeýle-de bäsleşige gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» kitaby esasynda täsirli maglumatlara salgylanyp, gyzykly gürrüňler berdiler. Olaryň halk döredijiliginiň gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýan hüwdüleriň döreýiş taryhy, alty ganat ak öýleriň ýaraşygy bolan sallançaklaryň ýasalyş aýratynlyklary, olaryň ähmiýeti hakynda rowaýatlar, wideoşekilli ýazgylar boýunça beýan eden söhbetleri gyzykly boldy. Mylaýym owaz, ýakymly heň bilen ýerine ýetirilen hüwdüler bolsa tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.



Gyzykly geçen bäsleşigiň jemi jemlenende, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Anna Haýdarowa baş baýragy eýeläp, bäsleşigiň döwlet möçberindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle-de bäsleşikde 1-nji orna welaýatyň Gyzylarbat şäher medeniýet merkeziniň tansçysy Ogulsuraý Täçjaýewa, 2-nji orna Bereket etrabynyň Däneata oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Ogulmeňli Öwezmämmedowa, 3-nji orna hem Magtymguly etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Gültäç Meretgulyýewa mynasyp boldular. Şeýle-de bu bäsleşigiň ahyrynda baş baýraga hem-de baýrakly orunlary eýelän toparlara welaýat bäsleşiginiň guramaçylary tarapyndan ýörite sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.



