Ï Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

view-icon 98

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň dostlukly halkyna Malaýziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Malaýziýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belläp, olaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. “Aşgabatda özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen gepleşiklerimizi ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Duşuşygyň dowamynda türkmen-malaý hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalarymyz ýene-de bir gezek tassyklanyldy hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça möhüm çözgütler kabul edildi” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda belledi hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň bu resmi saparynyň netijeleriniň iki halkyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Anwar Ibrahime we XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Malaýziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.