Ï Aşgabatda onkologiýa merkezi açylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda onkologiýa merkezi açylýar

view-icon 122
Aşgabatda onkologiýa merkezi açylýar

Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak, ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Lukman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen döwrebap ylmy-kliniki merkezini Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň toýlanylýan ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde açmak meýilleşdirilýär.

Häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirjek bu merkezde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmagyň ýokary derejesini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berildi.

Gahryman Arkadagymyz köp ýyllaryň dowamynda Watanymyza we halkymyza yhlasly hyzmat etmegiň nusgasyny görkezdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürildi. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ulgamynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we Atom energiýasy boýunça halkara agentligi möhüm orny eýeleýär. Bu guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň dowamynda Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Diýarymyzda ýokanç däl we onkologiýa keselleriniň öňüniň alynmagyna hem-de bejerilmegine gönükdirilen köp sanly taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirildi. Bu bolsa milli saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň ösüşiň täze derejesine çykmagyny şertlendirdi.

Şeýle hyzmatdaşlygyň çygrynda 2026 – 2030 ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnama işlenip düzüldi. Bu resminama ýadro lukmançylygynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, dürli pudaklarda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.

Täze merkez iň täze lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylar, onuň ähli bölümlerinde sanly tehnologiýalar we emeli aňyň mümkinçilikleri ornaşdyrylar. Merkeziň ösen enjamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin ýokary tizlikli internet üpjün ediler.

Daşary ýurtly lukmanlar bu ýerde döredilen radioaktiw galyndylary zyýansyzlandyrmak ulgamynyň işine ýokary baha berdiler. Toplumyň çäginde suwuklyklaryň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň kömegi bilen zyýansyzlandyrylýan ýörite gaplary enjamlaşdyrylandyr. Germaniýaly lukmanlar merkezdäki enjamlaryň köpüsiniň ilkinji gezek şu ýerde ornaşdyrylýandygyny aýratyn bellediler. Munuň özi Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň häzirki zaman talaplaryna we lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryna doly laýyk gelýändiginiň, adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda uly orun eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Dünýäniň, şol sanda Germaniýanyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleri bilen ylmy-amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu bolsa türkmen lukmanlarynyň iň döwrebap tejribeleri özleşdirmegine şert döreder. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ýaşlaryň ünsüni çekmek, kliniki ordinatorlar we ylmy işgärler üçin maslahatlary geçirmek, şeýle hem Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzüminiň daşary ýurtlaryň iri ýokary okuw mekdepleriniň professorlary bilen bilelikdäki işjeňligini guramak göz öňünde tutulýar.

Gahryman Arkadagymyz merkeziň bölümlerinde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlaryny netijeli ulanmak, olaryň işini emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak meseleleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Raýatlaryň saglyk ýagdaýy barada ýeke-täk maglumatlar binýadyny döretmek we ýurduň lukmançylyk edaralarynyň arasynda ýeke-täk aragatnaşyk ulgamyny ýola goýmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Sanly tehnologiýalar ilata hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlaryny has-da elýeterli we açyk etmäge mümkinçilik berer. Merkeziň hyzmatlary we mümkinçilikleri, keselleriň anyklanylyşy hem-de bejerilişi bilen bagly ähli maglumatlar sanly ulgam arkaly elýeterli bolar. Raýatlaryň zerur maglumatlary göni öýünden alyp bilmegi, näsaglaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna bolsa olaryň saglyk ýagdaýy barada maglumatlaryň ýetirilmegi üçin şertler döredilýär.

Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylmagy we onuň ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynda halkymyzyň aladasynyň esasy orunda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu syýasat Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ynsanperwer ýörelgesinden ugur alyp, yzygiderli durmuşa geçirilýär.