Ï Dünýä derejesindäki merkez we sanly çözgütler: Aşgabatda innowasion pediatriýa merkezi açylyşa taýýarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä derejesindäki merkez we sanly çözgütler: Aşgabatda innowasion pediatriýa merkezi açylyşa taýýarlanýar

view-icon 246
Dünýä derejesindäki merkez we sanly çözgütler: Aşgabatda innowasion pediatriýa merkezi açylyşa taýýarlanýar

Ýakynda döwlet Baştutanymyz paýtagtyň günorta böleginde ýerleşýän täze toplum – Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. 3 ýaşdan uly çagalara ýokary derejeli we ýokary hünärli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen häzirki zaman 5 gatly merkeziň dabaraly açylyşy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçiriler. Täze saglygy goraýyş edarasynyň dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen giň halkara hyzmatdaşlygy esasynda iş alyp barmagy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz täze merkeziň maslahat bermekden we anyklaýyş işlerinden başlap, ýokary tehnologiýaly bejergä çenli lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga we kliniki tejribä sanly çözgütleri, şol sanda emeli aňyň mümkinçiliklerini işjeň ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.

Merkeziň ähli bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy halkara standartlaryna laýyk gelýär. Hususan-da, maslahat beriş bölümindäki otaglaryň bezegi we interýeri çagalaryň psihologiýasy nazara alnyp taýýarlanypdyr. Bu bolsa kiçi näsaglarda oňyn duýgulary, gyzyklanmany döretmäge hem-de olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge ýardam eder.

Anyklaýyş bölümi funksional we şöhle arkaly anyklaýyş üçin ýöriteleşdirilen otaglary, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman endoskopik toplumlaryny öz içine alýar. Emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy anyklaýyş maglumatlaryny çalt we iň ýokary takyklyk bilen işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, bölümde otaglaryň amatly temperatura şertlerini awtomatiki üpjün edýän mikroklimata gözegçilik ulgamlary ornaşdyrylandyr.

Bejeriş bölümi sebitde deňi-taýy bolmadyk sanly rentgen we intensiw bejeriş üçin niýetlenen häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Özboluşly sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, bejeriş amallary wagtynda çagalaryň ünsüni sowmaga, olaryň psihologik we emosional taýdan özlerini rahat duýmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Operasiýa we intensiw bejeriş bölümlerinde operasiýalaryň geçirilýän wagtynda klinikanyň ähli düzüm bölümleriniň arasynda ýörite monitorlaryň üsti bilen onlaýn aragatnaşyk ýola goýlar. Bu bolsa maglumatlary dessin alyşmaga we degişli çözgütleri çalt kabul etmäge mümkinçilik berer.

Operasiýadan soňky dikeldiş işlerini geçirmäge niýetlenen bölüminde aýratynlykda gözegçilik etmek hem-de ýokanç keselleriň ýaýramazlygy üçin talabalaýyk şertler göz öňünde tutulan. Şol bir wagtyň özünde, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegine, şeýle hem otaglarda howa çalşygynyň netijeli işlemegine berk gözegçilik etmek merkeziň işgärleriniň öňünde goýulýan esasy talaplaryň biri hökmünde hormatly Prezidentimiz tarapyndan bellenildi.

Merkeziň ýatymlaýyn otaglary gije-gündiz bolmak üçin niýetlenen çagalaryň amatlylygy üçin zerur bolan ähli şertler bilen üpjün edilendir. Kiçi näsaglaryň sagdyn dynç almagy we dikeldiş döwrüni netijeli geçirmegi üçin bölümiň çäginde çagalar üçin oýun meýdançasy hem döredilipdir. Halkara pediatriýa merkeziniň ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň çaga lukmançylygyny hil taýdan täze derejä çykarar.