Ï Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär

view-icon 90
Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär

Türkmenistanda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk badalga aldy. Onuň maksady ýol heläkçiligini azaltmak, ulaglary dolandyrmak medeniýetini ýokarlandyrmak we ýol hereketine ähli gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmakdyr.

Bu aýyň dowamynda ähli kärhanalarda we bilim edaralarynda ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmek bilen bagly çäreler geçirilýär. Olarda çagalara we bilim alýan ýaşlara howpsuz ýagdaýda ýoldan geçmek düzgünleri bilen birlikde, köçede özüňi alyp barmagyň esasy düzgünleri hem düşündirilýär.

Ak mermerli paýtagtymyzda döwrebap ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeler guruldy, ýol belgileri bolsa döwrüň talabyna laýyk edilip, ýollar ýol hereketini sazlaýjy häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edildi. Bu bolsa sürüjileriň we pyýadalaryň ýola ünsüni jemlemäge kömek edýär.

Ýol hereketleriniň tertip-düzgünini üpjün etmek diňe bir hukuk goraýjy edaralaryň wezipesi bolman, eýsem, her bir raýatyň umumy jogapkärçiligidir. Sürüjileriň düzgünlere berk eýermegi, pyýadalaryň ünslüligi we ikitaraplaýyn sylag-hormat adamlaryň durmuşyny goramaga ukyplydyr.