Ï Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

view-icon 91
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde pagta ýygymyna başlamak boýunça geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda bugdaý ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen doly üpjün etmek babatda degişli işler dowam edýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde pagta ýygymy möwsümine başlamak boýunça geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri ýerine ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinler ekilen ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär.

Häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý ekişini ýokary hilli, guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlar, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme taýýar edilip, häzirki wagtda pagta ýygymyna dabaraly ýagdaýda başlamak boýunça geçiriljek çärelere taýýarlyk görülýär. Sebitde bugdaý ekişine girişilip, ekiş möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, bugdaý öndürijiler ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýär. Welaýatyň güýzlük gök-bakja, şaly we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumyny açyp berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamaga başlamak boýunça dabaraly çärä taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine guramaçylykly girişilip, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär, önüm öndürijiler ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, şaly we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini öz wagtynda we talabalaýyk geçirmek, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda pagta ýygymyna başlamak boýunça dabaraly çärelere taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Sebitde bugdaý ekişine girişilip, ekiş möwsümini bellenen möhletde ýokary hilli geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyklyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda güýzlük ýeralma, gant şugundyry we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly, öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, pagta ýygymy möwsümine doly taýýarlykly girişilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatlarda şu ýylyň 9-njy sentýabrynda pagta ýygymyna başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde, netijeli işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen ýerlerinde bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda pagta ýygymyna başlamak boýunça geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalaryny we ekiji gurallary doly güýjünde, netijeli işletmegiň, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegiň, gowaça meýdanlarynda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işleri talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şala ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryna ideg etmek işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda bugdaý hem-de pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.