Türkmenistan ahalteke atlarynyň watany hökmünde uly jogapkärçiligini ykrar edýär, olaryň şöhraty hut şu ýerden bütin dünýä ýaýrandyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda çykyş edende aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda ahalteke atynyň türkmeniň kalbydygyny, halk, ýurt hökmünde taryhymyzyň, aň-düşünjämiziň aýrylmaz bölegidigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlykdan bäri ýurdumyzyň ata-babalarynyň asyrlaryň dowamyndaky tejribesine we däp-dessurlaryna daýanyp, arassa ganly at tohumyny dikeltmek we ösdürmek üçin iş alyp barýandygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz şeýle hem bu rowaýaty atlaryň döwlet derejesiniň ýokarydygyny ýatladyp, ahalteke atynyň şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda esasy orny eýeleýändigini belledi.