Ï Täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişi

view-icon 111
Täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişi

Güýz teatr möwsüminiň açylmagy bilen tomaşaçylar üçin birnäçe täze sahna eserleri taýýarlanyldy. Olaryň köpüsi eýýäm şu hepdäniň ahyrynda sungat muşdaklaryna hödürlener.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda türkmen dramaturgy we ýazyjysy Gadam Kakabaýewiň eseri esasynda «Halk hakydasy» atly spektakly ilkinji gezek görkeziler. Drama eserinde 1948-nji ýylyň 5-den 6-njy oktýabryna geçilýän gijede bolup geçen Aşgabat ýer titremesiniň pajygaly wakalary beýan edilýär. Spektaklyň režissýory – Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew.

Türkmen döwlet gurjak teatry bolsa çagalar üçin «Dostluk mukamy» atly sazly ertekiniň ilkinji görkezilişi bilen çykyş eder. Spektaklyň wakalarynyň merkezinde tokaýda ýaşaýan gahrymanlaryň başdan geçirmeleri durýar. Olar saz guralyny gezekli-gezegine eýelemäge synanyşyp, jedelleşýärler, emma guraldan ses çykarmagyň hötdesinden gelip bilmeýärler. Ahyrynda gahrymanlar saz guralyny diňe tagallalaryny birleşdirip janlandyryp boljakdygyna göz ýetirýärler. Edebi eseriň awtory – Maksat Altaýew, režissýory – Batyr Gurbanow.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

12.09.2026: «Howandar» spektaklynyň ilkinji görkezilişi – 19:00;

13.09.2026: «Howandar» – 19:00

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

11.09.2026: «Jennet mukamy» spektaklynyň ilkinji görkezilişi – 19:00;

12.09.2026: «Jennet mukamy» – 19:00;

13.09.2026: «Jennet mukamy» – 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

11.09.2026: «Halk hakydasy» spektaklynyň ilkinji görkezilişi – 19:00;

12.09.2026: «Halk hakydasy» – 19:00;

13.09.2026: «Halk hakydasy» – 19:00.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

11.09.2026: «Семейная тайна» – 19:00;

12.09.2026: «Красная шапочка» – 12:00;

12.09.2026: «Кукольный дом» – 19:00;

13.09.2026: «Похищение Чебурашки» – 11:00; 13:00;

13.09.2026: «Когда сияет душа молодая» – 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

11.09.2026: «Dostluk mukamy» spektaklynyň ilkinji görkezilişi – 19:00;

12.09.2026: «Altyn jüýje» – 17:00;

12.09.2026: «Dostluk mukamy» – 19:00;

13.09.2026: «Dostlar» – 12:00, 17:00;

13.09.2026: «Dostluk mukamy» – 19:00.

Teatrlaryň maksatnamasyna üýtgetmeler girizilip bilner. Spektakla gitmezden öň teatrlaryň kassalaryndan häzirki hereket edýän tomaşa tertibini anyklamak maslahat berilýär.